Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda irki prezident saýlawlarynyň senesi yglan edildi


Bezeg suraty

Gyrgyzystanyň Merkezi saýlaw we referendum komissiýasy ýurduň prezident saýlawlarynyň geçiriljek senesini kesgitläp, onuň 2021-nji ýylyň 10-njy ýanwaryna bellenendigini habar berdi.

Bu karar MSK-nyň 24-nji oktýabrda geçirilen mejlisinde kabul edildi.

Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Nuržan Şaýldabekowanyň düşündirmegine görä, prezident işinden çekilenden soň, Ýokarky geňeş kanun esasynda bir hepdäniň içinde ýakyn üç aýda döwlet baştutanyny saýlamak üçin irki saýlawlary belleýär.

Mejlis bu karary bir hepdäniň dowamynda kabul etmese (we bu möhlet 22-nji oktýabrda gutardy - red.), saýlawlar resmi taýdan bellenen hasaplanýar we MSK ses beriş senesini iki iş gününden gijä galman tassyklaýar.

Öňki prezidentiň işden çekilmeginden soň kanunda göz öňünde tutulan üç aýlyk möhlet 2021-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda gutraýar, sebäbi öňki döwlet baştutany Sooronbaý Jeenbekow 2020-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda işinden çekildi.

Gyrgyzystanda 4-nji oktýabrda geçirilen parlament saýlawlaryndan soň syýasy krizis döredi.

Saýlawyň netijelerini ýatyrmagy talap edýän protestçileriň hereketleri bidüzgünçiliklere alyp geldi. 6-njy oktýabr gijesinde demonstrantlar mejlisiň we prezident edarasynyň ýerleşýän binasyny, "Ak tamy" eýeledi. Şondan soň Bişkekde dürli syýasy güýçleriň arasynda häkimiýet ugrundaky göreş başlandy.

Netijede, MSK saýlawlaryň netijelerini ýatyrdy we hökümete 5-6-njy oktýabr gijesinde türmeden boşadylan Sadyr Žaparow ýolbaşçy boldy. Ol ozal adam ogurlamakda aýyplanyp, 11,5 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Žaparow indi döwlet baştutanynyň wezipesini hem ýerine ýetirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG