Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmen Mejlisi Orsýet bilen baglaşylan howpsuzlyk hyzmatdaşlygy ylalaşygyny tassyklady


Türkmenistanyň Mejlisiniň binasy

Türkmenistanyň parlamenti Russiýa bilen howpsuzlyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada baglaşylan ylalaşygy tassyklady diýip, Türkmen döwlet habar gullugy 25-nji oktýabrda habar berdi.

Bu ylalşyga 2003-nji ýylyň 10-njy aprelinde, Moskwada gol çekildi. Orsýetiň Döwlet dumasy ony uzaga çeken arakesmeden soň, 21-nji oktýabrda tassyklady.

Synçylar 2003-nji ýyldaky ylalaşygyň 2002-nji ýylda şol wagtky prezident Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygy diýilýän wakanyň yz ýanyna gabat gelendigini, onuň şunça ýyldan soňra tassyklanmagynyň bolsa daşary ýurtlardaky türkmen aktiwistleriniň ozalkylara garanda has aktiwleşmekleriniň yz ýanyna gabat gelendigini belleýärler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG