Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Protestçilere garşy basyp ýatyrmalardan soň Tihanowskaýa umumymilli iş taşlaýyşa çagyrýar


25-nji oktýabrda Lukaşenka garşy geçirilen bir protest ýörişi.
25-nji oktýabrda Lukaşenka garşy geçirilen bir protest ýörişi.

Belarus oppozisiýasy Alýaksandr Lukaşenkanyň wezipeden çekilmegine basyşy güýçlendirmek üçin 26-njy oktýabrda ýurt boýunça umumy iş taşlaýyşa çagyrdy. Lukaşenka 25-nji oktýabra çenli häkimiýeti tabşyrmak barada özüne berlen ultimatoma garşy çykdy. Ol oňa derek protestçileriň üstüne howpsuzlyk güýçlerini goýberdi.

Oppozisiýa lideri Swýatlana Tihanowskaýa 25-nji oktýabrda Minskde we beýleki şäherlerde protestçilere garşy basyp ýatyrmalardan soň iş taşlaýyşyň başlamagyna çagyrdy. Basyp ýatyrmalarda polisiýa Belarusyň beýleki şäherlerinde we paýtagt Minskde onlarça müň demonstranta garşy rezin oklary we ses granatlaryny ulandy. Azyndan 280 adam saklandy.

9-njy awgust saýlawlarynyň ýeňijisi 1994-nji ýyldan bäri häkimiýet başynda oturan Lukaşenka yglan edileli bäri Belarus giň ýaýran saýlaw galplygy baradaky aýyplamalaryň arasynda protestler bilen sarsylýar.

Belarus oppozisiýasy awgust saýlawlarynyň netijeleriniň galpdygyny hem-de Tihanowskaýanyň kanuny ýeňijidigini aýdýarlar. Tihanowskaýa özüne we maşgalasyna atylan haýbatlaryň arasynda, saýlawlaryň edil yzýany, Belarusy terk etdi we Litwa bardy.

Tihanowskaýa Litwadan eden iş taşlaýyş çagyryşynda adamlary öz çagalarynyň geljegi barada pikir etmäge hem-de erkin durmuş ugrunda göreşmäge çagyrdy.

“Režim özüniň diňe güýje ukyplydygyny ýene-de bir gezek belaruslara görkezdi” diýip, ol beýanatynda aýtdy. “Şonuň üçin hem, ertir 26-njy oktýabrdan başlap, umumymilli iş taşlaýyş başlanar” diýip, ol aýtdy.

XS
SM
MD
LG