Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň oppozisiýa ýörişi geçirilýän şäherinde bolan partlamada üç adam öldi


Kwettada geçirilen oppozisiýa ýörişi. 25-nji oktýabr, Pakistan.
Kwettada geçirilen oppozisiýa ýörişi. 25-nji oktýabr, Pakistan.

25-nji oktýabrda günorta-günbatar Pakistanyň durnuksyz Bulujystan welaýatynyň paýtagty Kwettada bir emeli enjamyň partlamagy netijesinde azyndan üç adam öldi. Bu, oppozisiýa partiýalarynyň şäheriň beýleki bir künjeginde geçirýän iri oppozisiýa ýörişi sebäpli güýçlendirilen howpsuzlyk çärelerine garamazdan boldy.

Pakistanyň iri oppozisiýa partiýalary bileleşiginiň liderleri ýurduň ykdysady krizisini çözmekdäki “şowsuzlygy” sebäpli premýer-ministr Imran Hany wezipeden çetletmek üçin utgaşykly kampaniýa çäreleriniň çäginde şu aý başga iki şäherde ýöriş geçirdi.

Günüň dowamynda esasan ýapyk duran gök-bakja bazarynda bir motosikle ýerleşdirilen enjamyň partlamagy netijesinde ýene iki adam ýaralandy, diýip Kwettanyň uly polisiýa ofiseri Azhar Akram aýtdy.

Hiç kim hüjümiň jogapkärçiligini bada-bat öz üstüne almady.

Bazar syýasy ýöriş geçirilen ýerden birnäçe kilometr aradaşlykda ýerleşýär. Ýerli telewideniýe partlamadan soň ot alan birnäçe ulagyň wideosyny görkezdi.

Ýörişiň öňüsyrasynda görlen howpsuzlyk çäreleriniň çäginde mobil telefon hyzmatlary öçürildi, şähere patrullyk etmek üçin goşmaça howpsuzlyk güýçleri ýerleşdirildi.

XS
SM
MD
LG