Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ Eýranyň nebit pudagyndaky işjeň edara-kärhanalaryna garşy sanksiýa girizdi


ABŞ-nyň Gazna departamenti sanksiýa girizilenleriň Eýranyň Kuds güýçlerine hemaýat edýändigini aýtdy.

Birleşen Ştatlary 26-njy oktýabrda Eýranyň nebit pudagynda aktiw iş alyp barýan möhüm eýran kompaniýalaryna, edaralaryna we şahslaryna garşy täze sanksiýa girizdi.

ABŞ-nyň Gazna departamenti sanksiýa girizilenleriň Eýranyň Kuds güýçlerine hemaýat edýändigini aýtdy. Kuds güýçleri Eýranyň Yslam Rewolýusiýa Sakçylary Korpusynyň (YRSK) saýlama daşary ýurtly ýarymharby, içalyçylyk şahasydyr.

Gazna sekretary Stiwen Mnaçin (Steven Mnuchin) beren beýanatynda nebit pudagyndan gelýän girdejileriň YRSK-Kuds güýçleriniň “durnuksyzlaşdyryjy işlerini” maliýeleşdirmekde ulanylýandygyny aýtdy.

Ol Eýran režiminiň terror toparlaryny we öz ýadro programmasyny goldamagy Eýran halkynyň zerurlyklaryndan ileri tutmaga dowam etdirýändigini aýtdy.

Sanksiýa girizilenleriň arasynda Eýranyň nebit ministrligi, Eýranyň Milli nebit kompaniýasy we Eýranyň Milli tanker kompaniýasy bar.

Sanskiýalar gara sanawa alnanlaryň ABŞ-daky aktiwlerini doňdurýar we amerikanlaryň olar bilen işleşmegini gadagan edýär.

Waşington bilen Tähranyň arasyndaky dartgynlylyk prezident Donald Tramp 2018-nji ýylda Eýran ýadro şertnamasyndan birtaraplaýyn çekilenden soň ýokarlandy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG