Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistan we Azerbaýjan ABŞ araçylygyndaky ýaraşygy bozmakda birek-biregi aýyplaýar


Daglyk-Garabagda bir etniki ermeni meýletin söweşiji.

Azerbaýjan we Ermenistan separatist Daglyk-Garabag sebitinde bir aý bäri dowam edýän uruşda ABŞ-nyň araçylygyndaky gelnen ot açyşlygy bes etmek ýaraşygyny bozmakda ýene birek-biregi aýyplady.

“Men halkara jemgyýetçiliginiň tagallalarynyň, bu sapar ot açyşlygy bes etmek barada ABŞ-nyň araçylyk eden ýaraşygynyň şowsuz bolandygyny aýtmak isleýärin. Azerbaýjanyň dowamly top atmagynyň netijesinde şu gün Artsahda (Artsah Daglyk-Garabagyň ermeni ady-red) asuda ilat öldürildi we ýaralandy” diýip, Paşinian 27-nji oktýabrda Twitterde aýtdy.

Bu aralykda, Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi 27-nji oktýabrda Ermenistanyň ynsanperwer ýaraşyga eýermeýändigini aýtdy.

“Ermenistanyň ýaragly güýçleri 26-nji oktýabrda hem-de 27-nji oktýabra geçilen gije Azerbaýjanyň goşun birlikleriniň pozisiýalaryna, frontyň dürli ugurlaryna, front çyzygynyň golaýyndaky biziň ýerlerimize dürli ýaraglar bilen ot açdy. Esasan Hojawend, Fizuli we Gubadli ugurlarynyň front çyzygynda söweşler dowam etdi” diýip, ministrlik beren beýanatynda aýtdy hem-de Azerbaýjan güýçleriniň hüjümlere gaýtawul berendigini sözüne goşdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG