Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

EBRD, ÝB Türkmenistandaky kiçi we orta telekeçiligiň ösmegine goşant goşýar


Ýewropanyň dikeldiş we ösüş banky (EBRD)

Ýewropanyň dikeldiş we ösüş banky (EBRD) Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligiň ösmegine goşant goşýar. Bu barada Trend habarlar gullugy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine salgylanyp maglumat berýär.

Hususan-da, EBRD we ÝB kiçi we orta biznesiň ýolbaşçylary üçin “Kompaniýanyň ösüş guraly hökmünde biznesiň ýagdaýyny anyklamak” boýunça onlaýn maslahatlary geçirerler.

Maglumata görä, Ýewropanyň dikeldiş we ösüş banky Türkmenistanda işe başlaly bäri, ýurduň dürli pudaklaryndaky 70 töweregi proýekte 272 million ýewro möçberinde sermaýa ýatyrypdyr.

Hususan-da, bu maýa goýumlary ýurtdaky 200-den gowrak kiçi we orta kärhanalara telekeçilik maslahatyny almaga mümkinçilik beripdir.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG