Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýada ikinji lokdawn yglan edildi, ençeme ýurtda wirusyň ýaýramak gerimi ýokarlandy


Gorag maskaly adamlar

Fransiýada COVID-19 pandemiýasynyň ýaýramygyny gowşatmak ugrundaky tagallalaryň çäginde, 29-njy oktýabrda ýurtda ikinji umumy milli lokdawn, ýagny petiklenme başlady. Täze çäklendirmeleriň çäginde restoranlar, barlar we möhüm bolmadyk biznesler ýapylar.

Fransuz prezidenti Emmanuel Makron täze lokdawn barada 28-nji oktýabrda yglan etdi. Ol günde onlarça müň täze koronawirus ýagdaýlarynyň ýüze çykarylýandygyny, ýurduň saglyk pudagyna uly agram düşýändigini aýdyp, bu çäreleriň möhümdigini belledi.

Makron “[wirusyň] ikinji tolkunynyň ýurdy gurşap alandygyny, şeýle-de onuň birinji bilen deňeşdirilende has agyr we has köp adam ýitgili geçip biljekdigini” duýdurdy.

Makronyň beýanatyndan öň, german kansleri Angela Merkel 2-nji noýabrdan başlap ýurtda adatdan daşary çäreleriň görüljekdigini mälim etdi.

Dört hepdelik ýarym-petiklenme döwründe Germaniýada ähli barlar, restoranlar, konsert merkezleri, teatrlar, fitness merkezleri dagy ýapylar. Dükanlar diňe bellenilen wagt çäginde açyk bolarlar.

Täze çäklendirmeler yglan edileninden soň, Ýewropadaky we ABŞ-daky walýuta bazarlary dessine reaksiýa bildirip, 3% töwereginde pese gaçdylar.

28-nji oktýabrda ABŞ-da koronawirusyň 73 müň täze ýagdaýy ýüze çykaryldy, şeýle-de 1 müň adam ölümi hasaba alyndy. Bu barada Jons Hopkins Uniwersiteti maglumat berýär.

Meksika we Argentina wirus bilen keselleýänleriň sanynyň artýandygy barada habar berýärler.

29-njy oktýabrda Hindistan wirus bilen kesellänleriň umumy sanynyň 8 million adamdan aşandygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG