Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daglyk-Garabag konfliktinde adam pidalary artýar


Azerbaýjan bilen Ermenistan ABŞ-nyň araçylygynda gazanylan ýaraşygyň synmagynda birek-biregi günäkärleýärler.

Azerbaýjan bilen Ermenistan güýçleriniň separatist Daglyk-Garabag sebiti üstünde alyp barýan söweş hereketleriniň netijesinde heläk bolýan adamlaryň sany artýar. Bu aralykda, taraplaryň ikisi-de ABŞ-nyň araçylygynda gazanylan ýaraşygyň synmagynda birek-biregi günäkärleýär. Bu sentýabryň aýagynda çaknyşyklar başlanaly bäri bu görnüşli üçünji ylalaşyk bolupdy.

Azerbaýjanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleriniň 29-njy oktýabrda Ženewada Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Minsk toparynyň egindeş başlyklary bilen maslahat geçirmeklerine garaşylýar. Bu topara ABŞ, Fransiýa we Russiýa başlyklyk edip, olar konfliktiň esasy araçylary hökmünde çykyş edýärler.

Daglyk-Garabagyň de facto, ýagny iş ýüzündäki goranmak ministri 29-njy oktýabrda çykyş edip, ýene 51 adamyň heläk bolmagy bilen, 27-nji sentýabrda azeri güýçleri bilen başlanan çaknyşyklarda umumy hasapda 1 müň 119 harby gullukçynyň ölendigini aýtdy.

Ol öten gijäniň dowamynda azeri güýçleriniň Daglyk-Garabagyň parahat ilatynyň ýaşaýan sebitlerini oka tutmagyny dowam etdirendigini hem aýtdy.

Muňa jogap edip, Azerbaýjanyň goranmak ministri Daglyk-Garabagyň demirgazygyndaky Goranboý etrabynda öz güýçlerine garşy hüjüm edilendigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG