Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Trampyň maslahatçysy dünýäniň demokratiki döwletler bilen awtoritar ýurtlaryň arasynda bölünip başlandygyny aýtdy


ABŞ-nyň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçy Robert O’Brien
ABŞ-nyň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçy Robert O’Brien

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy, barha köp döwletleriň Hytaýdan abanýan howpa göz ýetirip başlamagy bilen, dünýäniň demokratiki döwletler we awtoritar ýurtlaryň arasynda geosyýasy taýdan bölünip başlandygyny aýtdy.

“Meniň pikirimçe, dünýäniň demokratiki döwletleri bilen dünýä düýbünden başgaça garaýyş bilen çemeleşýän awtoritar ýurtlaryň arasyndaky bölünişige şaýat bolarys” diýip, milli howpsuzlyk boýunça maslahatçy Robert O’Brien 28-nji oktýabrda Hudson institutyna beren interwýusynda belledi.

O’Brien häzir ýagdaýlaryň Sowuk urşy, haçanda ABŞ bilen Sowet soýuzynyň dünýäniň käbir sebitlerini iki lagere bölen, şol bir wagtda-da onlarça ýurduň hiç bir lageriň tarapyny tutmadyk döwründen tapawutlanýandygyny hem sözüne goşdy.

Ol Russiýanyň, Eýranyň we Hytaýyň awtoritar režimli döwletleriň hataryna girýändigini, beýleki ýurtlaryň-da “bu ugur boýunça hereket edip başlandyklaryny” belledi.

O’Brien Hytaýdan abanýan global howp barada hem duýdurdy. Ol Hytaýyň tehnologiýalary ulanyp öz raýatlaryna gözegçilik edýändigini we beýleki döwletlere içalyçylyk edýändigini belledi.

XS
SM
MD
LG