Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Derňew: Nitsada üç adamy öldüren adam tunisli bolup çykdy


Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron we Nitsanyň (Nice) häkimi Kristian Estrosi hüjüm edilen Notre Dame ybadathanasyna bardy. 29-njy oktýabr, 2020.

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 29-njy oktýabrda Nitsadaky (Nice) ybadathanada edilen we üç adamyň ölümine getiren pyçakly hüjümi "yslamçy terrorçylyk hüjümi" diýip atlandyrdy we ýurtdaky howpsuzlyk hüşgärligi 30-njy oktýabrda iň ýokary derejä galdyryldy.

Fransiýanyň premýer-ministri Jan Kasteks hüşgärlik derejesini ýokarlandyrdy we awtomatiki ýaraglar bilen ýaraglanan polisiýa Nitsa ybadathanasynyň töwereginde howpsuzlyk berkitmesini gurdy.

Braziliýanyň Daşary işler ministrligi ölenleriň biriniň 44 ýaşyndaky braziliýaly aýal bolandygyny, onuň Fransiýada ýaşandygyny we üç çaganyň enesi bolandygyny aýtdy.

Ministrligiň beýanatynda onuň fransuz raýatydygy ýa-da däldigi aýdylmady. Ol aýal hüjümde agyr ýaralanyp, golaýdaky bara gaçyp atmagy başardy. Emma birazdan, polisiýa çeşmelerine salgylanan metbugat habarlarynda aýdylmagyna görä, köp sanly pyçak ýaralaryndan jan berdi.

Hüjümçi ýarym sagada golaý dowam eden wagşylaşmada braziliýaly zenany pyçaklady we 60 ýaşly aýalyň damagyny çuňdan çalyp, kellesi kesilen hala saldy diýip, fransuz häkimiýetleri aýtdy.

Beýleki pida, 55 ýaşyndaky ybadathana işgäri, erkek adam bolsa ybadat öýüniň içinde damagy çalnan ýagdaýda tapyldy. Hüjüm eden polisiýa tarapyndan atylyp ýaralandy we şondan soň "Allahu Akbar" (Hudaý beýikdir) diýip gygyrdy.

Üç adamyň öldürilmeginde güman edilýän erkek 21 ýaşly tunisli Brahim Aýuisaýi diýlip tanaldy, ol sentýabr aýynyň aýagynda Italiýanyň Lampedusa adasyna ähtimal gaýyk ýa-da gämi bilen geldi. Oktýabr aýynda ol Italiýadan gitmek we Fransiýa barada rugstanama aldy diýip, derňewe ýakyn çeşmeler AFP habar gullugyna aýtdylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG