Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti täjik kärdeşini 'iki sözlemde' prezident wezipesine girişmegi bilen gutlady


Türkmen we täjik prezidentleri. Arhiw suraty
Türkmen we täjik prezidentleri. Arhiw suraty

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 30-njy oktýabrda Emomali Rahmony Täjigistanyň prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli gutlap, hat iberdi.

TDH-nyň iki sözlemden ybarat habarynda döwlet baştutanynyň gutlag hatynda Täjigistanyň doganlyk halkyna bagtyýarlyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw edendigi aýdylýar.

Täjigistanyň awtoritar prezidenti Emomali Rahmon 11-nji oktýabrda geçirilen saýlawda, resmi netijelere görä, 90 prosentden gowrak ses alyp, ýene bir ýedi ýyl täze möhlete prezident boldy.

1992-nji ýyldan bäri häkimiýet başynda bolan Rahmon mundan öň geçirilen dört prezident saýlawynda yzly-yzyna ýeňiş gazandy, olaryň hiç biri-de günbatar gözegçileri tarapyndan erkin ýa-da adalatly hasaplanmady.

Rahmon häkimiýet başynda Belarusyň dolandyryjysy Aleksandr Lukaşenkadan hem uzak saklanan ýeke-täk post-sowet awtokraty bolup durýar.

Soňky ýyllarda, Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demirýol taslamasy bilen baglylykda, türkmen-täjik gatnaşyklarynyň öňki ýyllara garanda biraz ýaramazlaşandygy aýdylýar.

Mundan öň türkmen prezidenti Belarusda geçirilen dawaly prezident saýlawyndan soň, halk protestlerine garaman iş başynda galýan Aleksandr Lukaşenkany, GDA ýurtlarynyň liderleriniň arasynda, iň gijigip gutlan resmileriň biri boldy.

XS
SM
MD
LG