Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Galplyk aýyplamalarynyň arasynda, täjik prezidenti Emomali Rahmon berk gözegçilikde geçirilen saýlawda bäşinji möhleti mäkämledi


Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon
Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon

Täjigistanyň awtoritar prezidenti Emomali Rahmon, deslapky resmi netijelere görä, berk gözegçilikde we dabaraly ýagdaýda geçirilen saýlawlardan soň, 91% çemesi ses alyp, bäşinji möhlete saýlandy.

Merkezi Aziýa döwletiniň Merkezi saýlaw komissiýasy 12-nji oktýabrda deslapky netijelere görä, saýlawçylaryň 90,92 göteriminiň ýene ýedi ýyl möhlete eýe boljak Rahmona ses berendigini aýtdy.

Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Bagtyýor Hudoýorzoda, 11-nji oktýabrda geçirilen saýlawlarda saýlawçylaryň 85,4 göteriminiň ses berendigini yglan etdi.

1992-nji ýyldan bäri häkimiýet başynda bolan Rahmon dört gezek geçirilen prezident saýlawlarynda yzly-yzyna ýeňiş gazandy, olaryň hiç biri-de günbatar gözegçileri tarapyndan erkin ýa-da adalatly hasaplanmady.

Rahmon häkimiýet başynda Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenkadan hem uzak saklanan ýeke-täk post-sowet awtokraty bolup durýar.

Saýlaw, COVID-19 pandemiýasy bilen baglylykda, Täjigistanyň ykdysady kynçylyklarynyň has agralan wagtynda geçirilýär. Pandemiýa çäklendirmeleri sebäpli ýüzlerçe müň migrant işçi ýurt içinde tapylmaýan iş, gazanç şertlerini tapmak üçin Russiýa gidip bilmeýär we ýerli ykdysadyýeti güýçlendirmek üçin zerur pul geçirilmän galýar.

68 ýaşly Rahmon ýurduň “jübi” parlamentinde hökümete tarapdar partiýalara wekilçilik edýän we gaty tanalmaýan dört dalaşgär bilen bäsleşýär. Olara ses berişlige bäsdeşlik görnüşini bermek üçin tapylan fasad hökmünde garalýar.

Deslapky netijelere görä, Agrar partiýasyndan Rustam Latifzoda sesleriň 3,03 prosentini aldy; Ykdysady reformalar partiýasyndan Rustam Rahmatzoda 2,15 prosent, Kommunist partiýadan Mirož Abdullaýew 1,17 prosent, Sosialist partiýadan Abduhalim Gaffarzoda 1,49 prosent ses aldy.

Merkezi saýlaw topary ahyrky netijäniň bir hepdäniň dowamynda yglan ediljekdigini aýtdy.

Habar berlen düzgün bozmalar

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy düzgün bozmalar barada habar berdi. Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň wideosy paýtagt Duşenbedäki bir saýlaw uçastogynda iki adamyň saýlaw gutularyny saýlaw býulletenler bilen dolduryşy görkezilýär.

Demirgazyk Hujant şäherinde korrespondent bilen gürrüňdeş bolan iki saýlawçy özleriniň 1-den köp býulleten doldurandygyny aç-açan aýtdy. Iki saýlawçynyň ikisiniň-de beýleki maşgala agzalarynyň adyndan ses berendigi aýdylýar. Bu tejribe Täjigistanda bikanudyr.

Bu saýlaw Rahmonyň iň täsirli syýasy bäsdeşi, Yslam galkynyş partiýasy bikanun diýlip yglan edileli bäri geçirilýän ilkinji bäsleşik boldy.

Ýurduň Ýokary sudy 2015-nji ýylda Yslam galkynyş partiýasyny “terror guramasy” hökmünde gadagan etdi. Partiýa liderleriniň hem-de resmileriniň köpüsi tussag edildi, beýlekiler tutha-tutlugyň arasynda ýurtdan gaçdy.

Ýurt içindäki ýeke-täk hakyky oppozisiýa topary, Sosial demokrat partiýasy saýlawy boýkot etdi.

“Ses bermegiň manysy ýok”

Partiýanyň lideri Rahmatullo Zoirow Azatlyk radiosyna beren interwýusynda ses bermegiň hiç hili manysynyň ýokdugyny aýtdy we, “eger-de biri ähli kandidata garşy ses berse-de, MSK öz sanlaryny we netijelerini yglan eder” diýdi.

Oppozisiýanyň basgylanmagy bilen hem-de Rahmonyň ýurda berk gözegçilik etmegi bilen bu saýlaw dawaly ses berişlikden soň çaýkalan goňşy Gyrgyzystandaky ýa-da beýleki bir post-sowet respublikasy Belarusdaky ýaly başagaýlyga ýol açmaz.

Döwlet mediasy hem-de Rahmonyň tarapdarlary ony 90-njy ýyllaryň raýat urşundan soň ýurda durnuklylyk getiren adam hökmünde görkezýär.

Awgustyň ahyrynda Rahmonyň dalaşgärlige hödürlenmegi onuň gyra süýşüp, uly ogly Rustam Emomaliniň wezipä dalaş etmegine rugsat berjekdigi baradaky çaklamalary soňlandyrdy.

32 ýaşly Emomali aprelde parlamentiň ýokarky palatasynyň başlygy wezipesine bellendi. Munuň bilen ol, eger kakasy öz wezipesini ýerini ýetirip bilmese onuň ornuna geçer.

Emomali paýtagt Duşenbäniň häkimi bolup, bu düşewüntli wezipäni hem elinde saklaýar.

Emomaliniň mirasdüşeri baradaky çaklamalar ilkibaşda 2016-njy ýylda, Täjigistan prezidentlige dalaşgärler bolmagyň aşaky ýaş çägini 35 ýaşdan 30 ýaşa çenli peseltmek üçin konstitusiýa üýtgetme girizende başlady. Bu çärä Emomaliniň prezidentlige dalaş etmegine ýol açmak üçin ädilen ädim hökmünde garaldy.

Şeýle-de, bu konstitusion üýtgetmeler Rahmona sansyz sapar prezidentlige dalaş etmek hukugyny berdi.

Ýurtda dowam edýän agalyk ornuny has-da berkitmek bilen, parlament 2015-nji ýylyň dekabrynda Rahmona milletiň lideri diýen at-derejäni hem berdi. Bu dereje oňa sud jogapkärçiligine çekilmezlik hukugyny, ömürlik eldegrilmesizlik mümkinçiligini berýär.

11-nji oktýabrda geçirilen saýlaw Täjigistanda bu ýyl geçirilen ikinji ählihalk saýlawydyr.

Mart aýynda ýurtda parlament saýlawlary geçirildi. Munuň netijesinde Rahmonyň Halk Demokratik partiýasynyň agdyklyk edýän ýene bir “jübi” parlamenti döredildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG