Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gorkuzmalara garamazdan, Minskde ýüzlerçe aýal Lukaşenka garşy ýöriş etdi


Minsk. 31-nji oktýabr, 2020.

Protestçileriň awtoritar dolandyryjy Aleksandr Lukaşenkanyň işden aýrylmagy baradaky talaplaryny dowam etdirmegi bilen, ýüzlerçe aýal belarus paýtagtynyň köçelerinden ýöriş etdi.

Minskde 31-nji oktýabrda gurnalan ýöriş Lukaşenkanyň täze bellän howpsuzlyk ýolbaşçylary bilen duşuşyp, demonstrantlara garşy "berk çäre görüljekdigi" bilen haýbat atanyndan bir gün soň geçirildi.

Lukaşenka Içeri işler ministrliginiň ýokary derejeli işgärlerini çalyşmak we serhetleri bölekleýin ýapmak bilen, 9-njy awgustda geçirilen saýlawlaryň netijelerine garşy gurnalýan protestleri togtatmak niýeti bilen, ýurda bolan gözegçiligini has-da berkitdi.

Dawaly saýlaw oňa yzygiderli altynjy gezek häkimiýetde galmak ygtyýarlygyny berdi. Emma raýatlar bu saýlawyň adalatly bolmandygyny aýdyp, onuň netijeleriniň ýatyrylmagyny we täze saýlawyň geçirilmegini talap edýärler.

31-nji oktýabrda Minskiň merkezinde ýöriş eden aýallar, häkimiýetler tarapyndan gadagan edilen oppozisiýanyň nyşany bolan gyzyl-ak baýdaklary göterip, "Erkinlik" we "Adalatly saýlawlar" diýip gygyryşdylar.

XS
SM
MD
LG