Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Parlament saýlawynda “Gürjüstanyň arzuwy” öňe saýlandy, oppozisiýa netijeleri ret edýär


Tbilisi, 1-nji noýabr, 2020. Ses bermäge gatnaşygyň 56% bolandygy aýdylýar.
Tbilisi, 1-nji noýabr, 2020. Ses bermäge gatnaşygyň 56% bolandygy aýdylýar.

Gürjüstanyň dolandyryjy “Gürjüstanyň arzuwy” partiýasy 31-nji oktýabrda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazanandygyny öňe sürdi, ýöne oppozisiýa ses berişligiň netijelerini ret etdi we Tbilisiniň merkezinde nägilelik bildirmegi planlaşdyrýar.

1-nji noýabrda sesleriň 80 göteriminden gowragynyň sanalmagy bilen, Merkezi saýlaw komissiýasy “Gürjüstanyň arzuwynyň” 48,34%, esasy oppozisiýa partiýasy bolan Birleşen Milli Hereket (BMH) blogynyň 26,43% ses alandygyny habar berdi.

Beýleki alty partiýa, deslapky netijelere görä, parlamente ýetmek üçin täze, azaldylan 1 göterim çäkden geçmekde gowy orun aljaga meňzeýär.

Ses bermäge gatnaşanlaryň 56 göterim bolandygy aýdylýar.

Bu saýlaw iýun aýynda proporsional wekilçilige has köp ähmiýet bermek üçin özgerdilen saýlaw ulgamy boýunça geçirilen ilkinji ses berişlik boldy.

150 orunly parlamentdäki 120 orun partiýalaryň sanawy, 30 orun bolsa bir mandatly etraplar arkaly kesgitlenýär.

“Gürjüstanyň arzuwy” köpçülik bäsleşiginde öňe saýlanan ýaly göründi, emma dalaşgärleriň saýlawlaryň ikinji tapgyrynda bäsleşmezligi üçin sesleriň 50 göteriminden gowragyny almagy gerek.

Oppozisiýa partiýalary yglan edilen netijeleri ret etdiler we raýatlary özleriniň “bikanun netijeler” diýýänine garşy çykmaga, Tbilisiniň merkezindäki Rustaweli şaýolunda ýygnanyşmaga çagyrdylar.

“Gürjüstanyň arzuwy” öňki prezident Mihail Sakaşwilini premýer-ministriň wezipesine kandidatlyga hödürlän Birleşen Milli Hereket (BMH) blogy bilen berk bäsdeşlik etdi.

Sakaşwili saýlawlar gutarandan soň "Gürjüstanyň arzuwy" partiýasynyň resmileriniň "saýlaw netijelerini köpçülikleýin galplaşdyrandyklaryny" aýtdy. Ol "sesleri goramak üçin köpçüligi toplamaga" çagyrdy.

Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy saýlawlaryň käbir kadadan çykmalar arasynda, umuman asuda şertlerde geçirilendigini we saýlawçylaryň konstitusion hukuklaryny ulanyp bilendiklerini aýtdy.

XS
SM
MD
LG