Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistan, Azerbaýjan bir-birini täze hüjümlerde aýyplaýar, Orsýet Ýerewana kömek wadasyny berýär


Dagly-Garabagyň paýtagty Stepanakert 31-nji oktýabrdaky top atyşlykdan soň.
Dagly-Garabagyň paýtagty Stepanakert 31-nji oktýabrdaky top atyşlykdan soň.

Ermenistan we Azerbaýjan dawaly Dagly-Garabag sebitinde we onuň töwereginde parahat ilaty nyşana almazlyk barada gelen ylalaşygyndan bir gün soň, bir-birini ilatly ýerleri oka tutmakda aýyplady.

Azerbaýjan bilen etniki ermeni güýçleriniň arasynda Dagly-Garabag üstünde barýan söweşiň täzeden möwjemegi bilen, Orsýet, eger-de uruş hereketleri Ermenistanyň çägine baryp ýetse, Ýerewana "zerur bolan" kömegi berjekdigini aýtdy.

Moskwa Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýanyň Orsýetiň prezidenti Wladimir Putine “gyssagly” howpsuzlyk kömegi maslahatyna başlamak haýyşy bilen ýazan hatyna jogap berdi.

31-nji oktýabrda iki tarapdan hem top atylandygy barada habar berildi. Bu top atyşlyklar iki ýurduň daşary işler ministrleriniň Ženewada halkara araçylary bilen geçiren gepleşikleriniň yz ýanyna gabat geldi.

Öňki üç ýaraşyk ylalaşygy başa barmansoň, bu gepleşikler Dagly-Garabag üstünde barýan söweşiň bes edilmegine kömek etmek maksady bilen geçirildi.

30-njy oktýabrda geçirilen gepleşikler ýene bir ýaraşyk ylalaşygyna getirip bilmedi. Ýöne Ýerewan we Baku söweş meýdanynda öldürilenleriň jesetlerini alyşmak, ahyr netijede alyş-çalyş maksady bilen, bir hepde içinde uruş ýesirleriniň sanawyny bermek, mümkin bolan ýaraşyk mehanizmleri baradaky meseleler boýunça gürleşmek ylalaşygyna geldi diýip, Minsk toparynyň egindeş başlyklarynyň beýanatynda aýdyldy.

XS
SM
MD
LG