Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus güýçleri ýörişe çykan onlarça müň adama göz ýaşardyjy gaz pürkýär


Protestçiler. Minsk, 1-nji noýabr, 2020
Protestçiler. Minsk, 1-nji noýabr, 2020

Belarusyň paýtagtyndaky howpsuzlyk güýçleri 1-nji noýabrda hökümete garşy ýörişe çykan protestçilere garşy duýduryş oklaryny atdylar we 12 hepde öň bolan dawaly prezident saýlawlary sebäpli görlüp-eşidilmedik jemgyýetçilik garşylygyny görkezip, täze prezident saýlawynyň geçirilmegi üçin gurnalýan protestde gatnaşyjylary tussag edip başladylar.

Gündelik diýen ýaly guralýan protestleriň çäginde, Aleksandr Lukaşenkanyň işinden çekilmegini we täze ses berişligiň geçirilmegini talap edip, 1-nji noýabrda müňlerçe demonstrant parallel Minsk ýörişlerine gatnaşdy.

Ýörişe goşulanlar sowet döwrüniň repressiýalarynyň paýtagtyň daşyndaky ýadygärligine tarap ýörişe edýän wagtynda, şäher daşynda howpsuzlyk güýçleriniň tutulanlary saklamak üçin taýýarlan ulaglarynyň we awtobuslarynyň uzyn hatarlary göze ilýärdi.

Demonstrantlaryň toparlary sesli granatlar bilen nyşana alyndy, hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri howa ok atyp, duýduryş berdiler, mähelläni dargatmak üçin göz ýaşardyjy gaz we taýaklar ulanyldy.

Käbir awtoulag sürüjileri tussaglary alyp gitmek üçin niýetlenen ulaglaryň hereketini bökdejek bolýan ýaly göründi.

Bir gün öň ýüzlerçe aýal Minskde ýöriş geçirip, Lukaşenka garşy köpçülikleýin basyş görkezmäge çykanda, polisiýa onlarça adamy tussag etdi.

Häkimiýetler 9-njy awgustda geçirilen saýlawda ýeňiji diýip yglan edilen Lukaşenkanyň işden çekilmegini talap edýän müňlerçe adamy tussag etdi.

Ýurduň oppozisiýa liderleriniň köpüsi tussag edildi ýa-da, 26-njy oktýabrdan bäri "milli iş taşlaýyş" çagyrýan prezidentlige kandidat Swetlana Tihanowskaýa ýaly, ýurtdan çykmaga mejbur edildi.

Belarus 31-nji oktýabrdan 1-nji noýabr aralygynda, syýasy äheňli hereket çäklendirmelerini girizmek bilen, bir gije ýurduň guryýer serhetlerini bölekleýin ýapdy.

Ýurduň Döwlet serhet komiteti bu çäräniň COVID-19-yň ýaýramagynyň öňüni almak bilen baglydygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG