Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

​​​​​​​Twitter we Facebook saýlaw barada galp maglumat ýaýradan habar hasaplaryny togtatdy


Twitter we Facebook ulgamlarynyň nyşanlary

Twitter we Facebook sag meýilli birnäçe habar hasabyny, olaryň ABŞ saýlawlary barada paýlaşan maglumatlary üçin togtatdy. Sosial media platformalary bu hasaplaryň öz düzgünlerini bozandygyny aýdýar.

3-nji noýabrda togtadylan käbir hasaplar soňra rus mediasy tarapyndan sitirlenen we üns çekilen mazmunlary paýlaşypdy.

Twitter özlerini garaşsyz ýaly edip görkezýän, ýöne şol bir wagtyň özünde şol bir mazmuny paýlaşýan ýa-da başga gizlin awtomatlaşdyrylan hereketlere gatnaşýan hasaplary “utgaşyklyga” garşy düzgünleriniň esasynda bloklandygyny aýtdy.

78 müňden köp Twitter yzarlaýjysy bolan “SVNewsAlerts” hasaby saýlawlar bilen bagly aýaklanmalar barada yzygiderli duýduryş berdi hem-de saýlaw howpsuzlygy bilen bagly meselelere üns çekdi.

Bu hasap demokratlar barada galp öňe sürmeleri sitirledi hem-de respublikan prezident Donald Trampyň ýörişlerine we çykyşlaryna üns bermäge çagyrdy. Ýöne, saýlaw güni saýlaw uçastoklarynda, juda az bökdençlik barada habar berildi.

Twitteriň petiklän beýleki hasaplary “FJNewsReporter”, “Crisis_Intel”, “Faytuks” hasaplarydyr.

Facebook düýbi ABŞ-da ýerleşýän “SV News” we “FJ News” sahypalary bilen gatnaşykly birnäçe hasaby doňdurmagynyň sebäplerini “hakyky däl (ýasama) hereketler” bilen esaslandyrdy.

“SVNewsAlerts” we “Faytuks” hasaplarynyň ikisiniň-de paýlaşan twitlerine Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki Sputnik we RT neşirleri onlarça gezek üns çekdi diýip, Reuters habar berdi.

ABŞ aňtaw gulluklary Russiýanyň sosial media platformalary we beýleki usullar arkaly ABŞ-nyň saýlaw prosesine gatyşandygyny kesgitledi.

Moskwa özüniň ABŞ-nyň ýa-da gaýry ýurduň saýlawlaryna gatyşygyny ret edýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG