Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ÝB Lukaşenkany, onuň ogluny we ýene 13 adamy Belarusdaky basyşlar sebäpli 'gara sanawa' goşdy


Alýaksandr Lukaşenka

Ýewropa Bileleşigi Belarusda üç aý töweregi öň prezident saýlawlarynda “zorluga, esassyz tussag edilmelere we galplaşdyrmalara” ýol berilmegine jogapkär Alýaksandr Lukaşenka, onuň ogly Wiktara we Belarusyň beýleki 13 ýokary derejeli resmisine sanksiýa girizdi.

6-njy noýabrda ÝB-niň resmi žurnalynda wiza gadagançylygyna we emläkleriniň doňdurylmagyna sezewar bolan 15 adamyň ady çap edildi.

Oktýabr aýynyň başynda demonstrantlary we oppozisiýany rehimsiz repressiýa etmekde we 9-njy awgustda geçirilen ses berişlikde galplyga ýol bermekde aýyplanýan şuňa meňzeş çäklendiriji çäreler mundan öň 40 belarus resmisi babatynda kabul edilipdi.

Oppozisiýanyň aýdyşy ýaly galplaşdyrylan saýlawlar Günbatar tarapyndan kabul edilmedi we Belarusda 26 ýyl bäri ýurdy dolandyrýan Alyaksandr Lukaşenka garşy köpçülikleýin demonstrasiýalara getirdi.

Häkimiýetler Lukaşenkany ýeňiji diýip yglan edeli bäri ýurtda müňlerçe adam tussag edildi. Ýurduň oppozisiýa liderleriniň köpüsi tussag edildi ýa-da ýurtdan çykmaga mejbur boldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG