Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jo Baýdeniň prezidentligi nähili bolar?


ABŞ-yň täze saýlanan prezidenti Jo Baýden.
ABŞ-yň täze saýlanan prezidenti Jo Baýden.

Prezidentlik wezipesine kandidat wagtynda Jo Baýden Donald Trampyň prezidentligi döwründe ünsden düşürilen alýansy ýaňadan diklejekdigine söz berdi hem awtoritarizme, pandemiýa hem klimatyň düýpli özgermegi ýaly global problemalara garşy göreşde, Amerikanyň öňdebaryjy boljakdygyny aýtdy. Ýöne ýurduň içindäki ýiti problemalar, şol sanda deňsizlik, işsizlik hem jynsy garşylygyň ýitileşmegi ýaly meseleler bolandygy üçin, halkara gatnaşyklaryna ikinji mesele hökmünde garaljakdygyny beýan etdi.

Jo Baýden prezidentlik wezipesine kandidat wagtynda, Trampyň administrasiýasynyň alyp baran daşarky syýasatynda, Birleşen Ştatlaryň halkara ylalaşygyndan çykmagy ýaly çäresiniň indi başgaça herekete getiriljekdigini, transatlantik gatnaşyklarynyň ýaňadan dikeldiljegini aýtdy. Onuň pikiriçe, bu alýans Ýewropanyň soňky 75 ýyldaky durnuklylygynyň esasy açary boldy.

50 ýyla ýakyn wagt Waşingtonda işlän öňki wise-prezident hem senator Baýden Birleşen Ştatlar demokratik ýurtlar tarapyndan döredilen alýans arkaly global howplara garşy durup biler diýdi.

Ol prezidentlik wezipesine girişende, şol bileleşigi berkitmek üçin «bökdençsiz ädim ätjekdigini», «Amerikany ýene-de parahatçylyk işiniň başynda goýjakdygyny» aýtdy. Ýöne ýanwar aýynda işe başlajak Baýden içerki möhüm meseleler boýunça ýüze çykan düýpli bölünişik bilen ýüzbe-ýüz bolar. Şol sanda pandemiýa, işsizligiň aşa ýokary bolmagy, jynsy toparlardaky dartgynlylyk onuň daşarky syýasat baradaky öňe sürjek hereketini yza süýşürip biler diýip, bilermenler aýdýarlar.

Analitikler Baýdeniň administrasiýasynyň daşarky syýasat baradaky komandasyny döredip, has takyk netijeleri gazanmagy üçin, birnäçe aýyň gerek boljakdygyny öňe sürýärler.

Jo hem Jill Baýdenler KHS-leri 2020-nji ýylyň 7-nji noýabrynda ýeňşi yglan edenden soň.
Jo hem Jill Baýdenler KHS-leri 2020-nji ýylyň 7-nji noýabrynda ýeňşi yglan edenden soň.

NATO/ÝEWROPA BILELEŞIGI

Baýden transatlantik aragatnaşygy dikeltmäge çalyşjagyny aýtdy, onuň tassyklamagyna görä, prezident Donald Trampyň ýurdy dolandyran wagtynda, ol birnäçe gezek Ýewropa bileleşigini tankytlady, netijede ýewropa harytlarynyň tarif derejelerini ýokarlandyrdy hem halkara ylalaşyklaryndan çykdy.

Trampyň 2016-njy ýylda NATO «ömrüni geçirdi» diýmegine garamazdan, Baýden ol birleşigi «häzirki zaman taryhynda iň täsirli harby-syýasy alýans» diýip häsiýetlendirdi hem onuň öňküleri ýaly güýçli bolup galmalydygyny, Russiýa tarapyndan boljak täze howpa uýgunlaşmalydygyny aýtdy.

«Russiýanyň agressiýasyna garşy durar ýaly, biz alýansyň harby potensialyny saklamalydyrys, şol wagtyň özünde-de onuň adaty bolmadyk – korrupsiýa, dezinformasiýa, kiber talaňçylygy ýaly howplara garşy giňelmegine mümkinçilik döretmelidiris» diýip, öňräk Foreign Affairs žurnalyna ýazypdy.

RUSSIÝA / UKRAINA / ÝARAGLANYŞYGA KONTROL

Baýden Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin babatynda örän berk pozisiýany saklajakdygyny mälim etdi hem Moskwany «garşydaş», şeýle hem şu günki günde Birleşen Ştatlaryň howpsuzlygyna uly «howp» diýip atlandyrdy.

Ol Kremli Krymy anneksiýa etmekde hem Kiýew bilen urşy başlamakda, Ukrainanyň Donbas sebitindäki separatistleri Russiýanyň goldamagynda tankytlady. Ol şeýle hem ABŞ-da geçen saýlawlara Russiýanyň gatnaşmagyny, rus žurnalistlerine we graždan aktiwist liderlerine garşy geçirilen hüjümleri ýazgardy. Tramp bolsa Kremli seýrek tankyt edýärdi.

Russiýanyň premýer-ministri Wladimir Putin Moskwadaky duşuşyk mahalynda ABŞ-yň wise-prezidenti Jo Baýdeniň elini gysýar. 2011-nji ýylyň 10-njy marty.
Russiýanyň premýer-ministri Wladimir Putin Moskwadaky duşuşyk mahalynda ABŞ-yň wise-prezidenti Jo Baýdeniň elini gysýar. 2011-nji ýylyň 10-njy marty.

«Trampdan tapawutlylykda, men biziň demokratik gymmatlyklarymyzy goraryn hem-de Putiniňki ýaly awtokratlyga garşy duraryn» diýip, Baýden awgust aýynda Twitter’dе ýazypdy.

Ol şeýle hem eger 2020-nji ýylyň saýlawlaryna gatnaşjak bolsa, Moskwa garşy çäre görjekdigi bilen haýbat atdy. Ol Trampyň dünýäniň senagat taýdan ösen «Uly ýediligine» (G7) Russiýany çagyrmak ideýasyny tankytlady.

«Biz Russiýanyň halkara kadalaryny bozýandygy üçin, hakyky çägi saklamalydyrys hem Russiýanyň graždan jemgyýetçiligini goldamalydyrys, olar prezident Wladimir Putiniň döreden kleptokrat aworitar düzgüne garşy gaýta-gaýta batyrgaý çykyş edýärler» diýip, ol amerikan žurnaly Foreign Affairs çap bolan makalasynda ýazdy.

Baýden Obamanyň prezidentligi döwründe, wise-prezident bolan mahalynda, Ukraina meselesine esasy jogapkär saýylýardy, şonda ol Ukrainanyň garaşsyzlygyny kesgitli çözmek hem olary Ýewropa integrasiýa etmek, ýarag serişdeleri bilen Kiýewi goldamak, Russiýanyň kömek berýän separatistlerine garşy göreşde olary goldamak çärelerini öňe sürüpdi.

ÝARAGLANYŞYGA KONTROLLYK ETMEK

Baýden strategiki hüjüm ediji ýaraglary geljekde-de azaltmak baradaky täze Şertnamany dowam etdirjekdigini, täze pakt üçin gepleşikleriň dowam etdiriljekdigini aýtdy. Strategiki hüjüm ediji ýaraglary azaltmak hem iki ýadro ýaragly ýurduň arasynda ýaraglary çäklendirmek baradaky şertnama fewral aýynda öz möhletini tamamlaýar, ýöne ol iki tarapyň ylalaşygy bilen ýene bäş ýyla uzaldylyp bilner.

ABŞ-yň wise-prezidenti Jo Baýden (çepde) NATO-nyň Brýusseldäki ştab-kwartirasyna gelende, NATO-nyň baş sekretary Ýaap de Hoop Sheffor ony gutlaýar. 2009-njy ýylyň 10-njy marty.
ABŞ-yň wise-prezidenti Jo Baýden (çepde) NATO-nyň Brýusseldäki ştab-kwartirasyna gelende, NATO-nyň baş sekretary Ýaap de Hoop Sheffor ony gutlaýar. 2009-njy ýylyň 10-njy marty.

Moskwanyň strategiki hüjüm ediji ýaraglary azaltmak hem goşmaça çäreleri girizmek baradaky şertnamany uzaltmak hakdaky teklibini Trampyň administrasiýasy ret etdi hem ylalaşyga gelmek mümkinçiliklerine ähmiýet bermedi. Baýden bolsa şeýle paktyň ABŞ-yň howpsuzlygy üçin möhümdigini öňe sürýär hem şertnamanyň möhletiniň uzaldylmagyny möhüm saýýar.

Şol wagtyň özünde Putin bilen gatnaşyklaryna we Moskwanyň hereketlerine Waşingtonyň garaýşy dartgynly bolsa-da, Baýden wezipä geçenden soň ol gatnaşyk has hem ýitileşse-de, ýaraglara gözegçilik meselesi – analitikleriň pikirine görä, birnäçe punktlar boýunça Birleşen Ştatlar bilen Kremliň arasynda netijeli gepleşikler üçin platforma bolup biler.

EÝRAN

Baýden Eýran bilen Birleşen Ştatlaryň ýadro ýaragy meselesinde 2015-nji ýylda baglaşylan ylalaşyga dolanmak isleýändigini aýtdy. Ol ylalaşyga laýyklykda, Tähran şeýle ylalaşyga gelse, Eýran sanksiýalaryň gowşadylmagy netijesinde, öz ýadro hereketlerini çäklendiren ýagdaýynda, munuň mümkin boljakdygyny öňe sürdi.

2018-nji ýylda Tramp Birleşen Ştatlaryň dünýä liderleriniň ol ylalaşygyndan çykýandygyny aýdandan soň, Eýran baglaşylan ylalaşygy bozdy, ABŞ bolsa Tährana garşy sanksiýa girizdi. Ol sanksiýa Eýranyň ykdysadyýetine güýçli zarba urdy, ýöne ony täze ylalaşyga gelmäge iterip bilmedi.

Baýden bu ugurda dünýäniň uly döwletleri – Beýik Britaniýa, Germaniýa, Russiýa hem Hytaý, şeýle hem Ýewropa bileleşigi bilen başga ugurlary işläp düzjekdigini, Eýran ylalaşan ýagdaýynda, ylalaşyga täze düzedişleri girizjegini aýtdy.

«Öz soýuzdaşlarymyz bilen ýadro ýaraglarynyň giňelmegine kontrollygy güýçlendireris, şeýle hem alada döredýän meseleleri çözeris», şol sanda adam hukuklarynyň bozulmalary, daşary ýurtlulary türmä salmak çärelerine serediljekdigini Baýden aýtdy.

HYTAÝ

Baýden öňki wise-prezident bolan döwrüne seredende, häzir Hytaý bilen gatnaşyklarda has berk pozisiýany alyp barýar. Ol Pekini adam hukuklaryny bozmakda hem söwda syýasatyndaky ynsapsyz hereketleri üçin tankytlaýar.

Hytaýyň lideri Si Jinping Pekindäki Uly halk köşgünde ABŞ-yň wise-prezidenti Jo Baýden bilen duşuşýar. 2013-nji ýylyň 4-nji dekabry.
Hytaýyň lideri Si Jinping Pekindäki Uly halk köşgünde ABŞ-yň wise-prezidenti Jo Baýden bilen duşuşýar. 2013-nji ýylyň 4-nji dekabry.

Şol wagtyň özünde ol Trampyň syýasatyny hem tankyt edip, ABŞ-yň prezidentiniň dünýäniň iki uly söwda göreşine garşy iki taraplaýyn göreş alyp barman, eýsem Hytaýyň söwda syýasatyndaky çäkden çykmalaryna garşy öz soýuzdaşlaryny döredip göreşmekçi bolandygyny ýazgardy.

«Eger-de biz beýleki demokratik döwletler bilen birleşsek, biziň güýjümiz öňküsinden iki esse artar. Hytaý dünýä ykdysadyýetiniň ikinji bölegini äsgermän bilmez. Bu bize köp ugurlar boýunça: töweregi gurşaýan sreda barada, zähmet hakda, tehnologiýa hem açyk-aýdyňlyk hakda dogry ýol tutmaga mümkinçilik döreder – bular demokratik bähbitleri hem gymmatlygy şöhlelendirer» diýip, ol aýtdy.

OWGANYSTAN

Baýden amerikan goşunlaryny Owganystandan yzyna aljakdygyny aýtdy. Indi 20 ýyla golaý wagt bäri Birleşen Ştatlaryň goşuny Owganystanda, olar «Talyban» hereketini saklamak üçin, 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabr wakasyndan soň Owganystana giripdi. Indi ol ýerde kontrterroristik hereketlere gaýtawul berer ýaly az mukdardaky ýörite maksatly goşuny galdyrmakçy.

ABŞ-yň wise-prezidenti Jo Baýden Owganystanyň Maýdan Bardak welaýatynda ABŞ-yň harby güýçleri bilen duşuşýar. 2011-nji ýylyň 11-nji ýanwary.
ABŞ-yň wise-prezidenti Jo Baýden Owganystanyň Maýdan Bardak welaýatynda ABŞ-yň harby güýçleri bilen duşuşýar. 2011-nji ýylyň 11-nji ýanwary.

Ol 2009-njy ýyldan 2017-nji ýyl aralygynda wise-prezident bolan wagtynda, Owganystanda ABŞ-yň harby güýçlerini giňeltmek meselesine garşy çykypdy.

Eger-de 20-nji ýanwarda geçirilmeli inaugurasiýa dabarasy geçirilýänçä, nähilidir bir düýpli ýagdaý ýüze çykmasa, Owganystan meselesinde baglaşylan örän yrga parahatçylyk ylalaşygy onuň alnynda durýar. Ylalaşyk Trampyň administrasiýasy tarapyndan 2020-nji ýylda talyp güýçleri bilen baglaşylypdy. Ol ýerli söweşijiler bilen parahatçylykly ýagdaýda gepleşikleri hem-de ABŞ-yň owgan hökümetine ýardam bermek meselesini dowam etdirmäge mümkinçilik döredýär.

TÖWEREGI GURŞAÝAN KLIMAT

Baýden howanyň global ýylamagyny «hakyky howp» diýip atlandyrdy hem Birleşen Ştatlaryň ýaňadan Pariž ylalaşygyna goşuljakdygyny aýtdy. Howanyň üýtgemegi baradaky ylalaşyk 2015-nji ýylda baglaşylypdy. Tramp prezidentlik wezipesine geçenden birnäçe aý soň, ol ylalaşykdan çykypdy.

«Men Parižiň klimat baradaky ylalaşygyna öz administrasiýamyň ilkinji gününde girerin. Soňra bolsa dünýäde atmosferany iň köp hapalaýan uglerod çeşmelerini azaltmaga hem bu ugurda energetikany artdyrmaga milletiň gyzyklanmagyny öňe sürerin» diýip, Foreign Affairs žurnalynda ýazdy.

Ol ýerli energetika çeşmelerini ýaňadan güýçlendirjekdigini, ýeliň güýji bilen hem gün energiýasy arkaly energiýa öndürmegi, ýurtda uglewodorody ulanmagy azaltmagy öňe sürerin diýdi.

DEMOKRATIÝA

Baýden ABŞ-yň ýaranlary bilen bütin dünýäde demokratiýany berkitmek we oňa garşy durýan awtoritarizmi çäklendirmek ugrunda işleşjekdigini aýtdy. Ol hatda NATO-nyň agzalary bolan käbir ýurtlarda – Polşa hem Wengriýada demokratik ýörelgelerden yza gaýdyşlygyň bardygyna öz gynanjyny bildirdi.

«Meniň Birleşen Ştatlaryň prezidenti wezipesine başlan ilkinji ýylymyň dowamynda, erkin dünýäniň halklarynyň umumy ruhuny janlandyrmak hem götermek üçin, demokratiýa üçin global Sammiti gurarys» diýip, Baýden 2020-nji ýylyň başynda aýdypdy.

IÇERKI MESELELER

Baýden çuňňur ikä bölünen ýurda ýolbaşçylyk etmeli bolar, soňky aýlarda polisiýanyň garaýagyzlara garşy güýç ulanmak çärelerini ýazgarýan protestler öjükdi. Koronawirus bilen baglanyşykly çäklendirmeler meselesinde hem garşylyk köp.

Adamlar Floridada Black Lives Matter meýdançasynyň garşysynda goýlan uly ekranda, Ak Tam üçin geçirilen saýlawlaryň netijesine seredýärler. Býulletenleriň sanalyşy göni efir arkaly uly ekranda görkezilýär. Kolumbiýa okrugy, 2020-nji ýylyň 3-nji noýabry.
Adamlar Floridada Black Lives Matter meýdançasynyň garşysynda goýlan uly ekranda, Ak Tam üçin geçirilen saýlawlaryň netijesine seredýärler. Býulletenleriň sanalyşy göni efir arkaly uly ekranda görkezilýär. Kolumbiýa okrugy, 2020-nji ýylyň 3-nji noýabry.

Garşydaşlary ýurduň içinde döreýän närazylyklaryň birnäçesinde, şol sanda jynsy hem immigrantlar meselesinde Trampy oda ýag sepýänlikde günäleýärler. Dartgynly geçen saýlawlardan soň Baýdene ýurduň ilatyny agzybirlige çekmek baraky agyr göreş garaşýar.

Koronawirus barada aýdylanda Baýden «alymlaryň pikirini diňlejekdigini» hem-de Birleşen Ştatlarda koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin, «mümkin bolan ähli» çäräni görjekdigini, şol sanda zerur ýagdaýynda doly üzňeligi girizjegini aýtdy. Şeýle hem ol jemgyýetçilik ýerlerinde maska dakynmagyň hökmany boljakdygyny mälim etdi.

Birleşen Ştatlar dünýäniň beýleki ýurtlaryna seredeniňde, koronawirus epidemiýasynyň has giň ýaýran ýeri hem olarda adam ölüminiň sany başgalardan ýokary bolup durýar. Pandemiýa işsizleriň birden artmagyna getirdi, ol az aýlykly işgärleriň girdejisine ýiti täsir etdi hem deňsizligi güýçlendirdi.

Baýden Trampyň iri korporasiýalara hem iň baý amerikanlylara girizen salgyt ýeňilligini ýatyrjakdygyny aýtdy. Şonuň bilen birlikde garyp gatlagyň bähbitlerini nazarda tutup, iň az aýlyk hakynyň derejesini ýokarlandyrjagyny mälim etdi. Baýden şele hem 2010-njy ýylda girizilen saglygy saklaýyş kanunynyň mümkinçiliklerini güýçlendirjekdigini aýtdy. Medisina ätiýaçlygy baradaky kanun Obamacare ady bilen bellidir, tankytçylaryň sözi bilen aýdylanda, Tramp ol ätiýaçlyga ýok ediji düzediş girizdi.

XS
SM
MD
LG