Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ermenistan, Azerbaýjan we Russiýa Daglyk-Garabag sebiti boýunça ylalaşyga gol goýdular


Azerbaýjanly harby gullukçy Zangilan etrabynyň Miniwan obasynda açylan serhet postundaky dabarada baýdagy galdyrýar.

Ermenistanyň, Azerbaýjanyň we Russiýanyň liderleri bölünip aýrylan Daglyk-Garabag sebiti boýunça söweşleri bes etmek barada şertnama gol goýdular. 10-njy noýabrdan başlap güýje girýän bu ylalaşyga gol goýulmagy ermeni paýtagtynda tolgunyşygyň döremegine we protestçileriň hökümet binalaryna hüjüm etmegine getirdi.

Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan Russiýanyň we Azerbaýjanyň prezidentleri bilen Daglyk-Garabagyň üstündäki urşuň “bes edilmegi” baradaky ylalaşyga ýerli wagt bilen gije sagat 1-de gol çekendigini ilkinji bolup yglan etdi.

Soňra Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew ylalaşygy tassykladylar. Bu ylalaşyk Russiýanyň parahatçylygy goraýjy güýçleriniň uzak möhletleýin ýerleşdirilmegini öz içine alýar.

10-njy noýabrda irden yglan edilen bu ylalaşyk, azerbaýjan güýçleriniň onýyllyklaryň dowamyndaky konfliktde alty hepde dowam eden çaknyşykda söweş meýdanynda uly üstünlik gazanandygy, şol sanda sebitiň paýtagty Stepanakerte golaýlaýandygy barada maglumatlaryň gelip gowuşýan mahalyna gabat geldi.

“Men özüm we hemmämiz üçin gaty kyn karara geldim. Men bu karary harby ýagdaýy çuňňur seljermegiň we muny iň gowy bilýän adamlaryň baha bermegi netijesinde kabul etdim” diýip, Paşinýan Facebook sosial ulgamynda ýazan maglumatynda aýtdy.

Ýerewanyň bu bildirişine dessine reaksiýa bildirildi. Ylalaşyga gaharly birnäçe müň demonstrant hökümet binalaryna hüjüm etdi we oppozisiýa Paşinýany işinden çekilmäge çagyrdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG