Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

9-njy noýabrda Çehiýada 2354 COVID-19 näsagy hasaba alyndy, jemi san 417181 adama ýetdi


30-njy oktýabrda çeh hökümeti koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin komendant sagadyny we beýleki çäklendirmeleri öz içine alýan adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi.

Çeh häkimiýetleri 9-njy noýabrda täze 2 müň 354 adama koronawirusyň ýokuşandygyny habar berdi. Bu ýurtda koronawirus ýokuşan adamlaryň jemi sanynyň 417 müň 181-e ýetendigini aňladýar. Çehiýa respublikasynda COVID-19 keselinden ölenleriň sany 5 müň 28 adama deňdir.

30-njy oktýabrda hökümet koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin komendant sagadyny we beýleki çäklendirmeleri öz içine alýan adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi. Ýurtdaky adatdan daşary ýagdaý 20-nji noýabra çenli dowam eder.

Komendant sagady, işe gitmek ýa-da maşgalaňy görmek ýaly kadadan çykmalar bilen, adamlaryň gije sagat 9-dan 5-e çenli köçä çykmagyny gadagan edýär.

2-nji noýabrdan bäri Praganyň metro ulgamy adatdakysyndan iki sagat öň, ýagny gije sagat 10-da işini bes edýär. Bir öý hojalygynyň agzalaryny hasaba almasaň, daşarda ikiden köp adamyň duşuşmagy gadagan edilýär.

Içerde ýa-da daşarda ýüz maskalaryny geýmek maşgala agzalarynyň daşyndaky adamlar bilen aragatnaşyk saklaýan her bir adamdan talap edilýär.

XS
SM
MD
LG