Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Bu bir gülki işi däl”: Pompeonyň ABŞ-nyň saýlawlarynyň kanunylygy baradaky bellikleri ýurduň hem içinde, hem-de daşynda haýrana goýdy


ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo

ABŞ-nyň baş diplomatynyň wezipesini eýeleýän Maýk Pompeo demokratik gymmatlyklary ündemäge borçlandyrylýar.

Hut şu sebäpli, onuň prezidentlik saýlawlarynyň netijesinde ozalky wise-prezident Jo Baýdeniň ýeňiş gazanmagyny sorag astyna almagy aladalary we nägilelikleri döretdi. Köpler onuň beýanatynyň dünýäniň beýleki ýurtlaryna nähili yşarat berip biljekdigi bilen hem aladalandylar.

10-njy noýabrda žurnalistler Pompeodan Döwlet departamentiniň milli howpsuzlyk bähbitlerinden ugur alyp, häkimiýetiň akgynly geçişi ugrunda Baýden bilen işleşip-işleşmeýändigini soradylar. Pompeo “Trampyň ikinji administrasiýasynyň akgynly geçişine” garaşýandygyny aýdyp, jogap gaýtardy.

Pompeonyň bu bellikleri onuň daşary ýurt turuna başlamaly pursadyna gabat geldi. Onuň çäginde Pompeo Gürjüstanda hem durup geçer. Bu Kawkaz döwletinde oppozisiýanyň ýakynda geçen parlament saýlawlarynda galplyklaryň bolandygyny öňe sürmegi bilen, protestler geçýär. Pompeonyň Türkiýäni, Ysraýyly we Birleşen Arap Emirliklerini hem öz içine alýan daşary ýurt turunyň çäginde Baýdeni eýýäm ýeňişi bilen gutlan liderler bilen hem duşuşmagyna garaşylýar.

3-nji noýabrda geçen prezidentlik saýlawlarynda Baýdeniň ýeňiş gazanmak üçin ýeterlik elektoral sesleri toplandygy mälim edilmegine garamazdan, prezident Donald Tramp we onuň administrasiýasy galplyklaryň bolandygy barada esassyz aýyplamalary orta atyp, suduň üsti bilen käbir ştatlardaky sesleriň netijelerini üýtgetmek ugrunda tagalla edýärler.

Pompeo soňy bilen Trampyň giň gerimli ses galplyklarynyň bolandygy baradaky delilsiz bellikleriniň Amerikanyň beýleki döwletleriň saýlawlarynyň netijelerine berjek bahalarynyň ygtybarlylygyny gaçyryp biljekdigi baradaky garaýyşlary red edip, olary “gülkünç” atlandyrdy. Şol bir wagtda, ol Trampyň ýeňen bolmagynyň mümkindigini ýene tekrarlady.

“Garşydaşlarymyz biziň tä ýanwara çenli işlemäge taýýardygymyzy, işimizi dowam etdirjekdigimizi bilmelidirler. 20-nji ýanwarda bolsa, geçiş bolar, bu ýa Trampyň administrasiýasy – şu gün aýdyşym ýaly Trampyň ikinji administrasiýasy – ýa-da ozalky wise-prezident Baýdeniň ýolbaşçylygyndaky administrasiýa bolar” diýip, Pompeo Toni Perkinsiň alyp barýan ABŞ-nyň konserwatiw radio stansiýasyna gürrüň berdi.

10-njy noýabrda Fox News media ulgamyna beren beýleki bir interwýusynda Pompeo Baýdeni, onuň öz sözi bilen aýdylanda, daşary ýurt liderleri bilen bolup biljek ýerliksiz gepleşikler barada duýdurdy. Ol 1799-njy ýylda kabul edilen Logan aktyna ünsi çekip, onda kesgitlenilşi ýaly, şahsy raýatlaryň ABŞ-nyň adyndan daşary syýasaty ýöredip bilmeýändiklerini belledi.

Trampyň administrasiýanyň saýlawlary ykrar etmekden boýun gaçyrmagy bilen, dünýä liderleriniň Baýdene iberen gutlaglary, adatça ozalky geçişlerde Döwlet departamenti tarapyndan amal edilen bolsa, häzir bu başga ýollaryň üsti bilen ýetirilýär.

Wekiller Öýüniň Kaliforniýadan demokratik agzasy Mark Takano Pompeonyň bellikleriniň köpleri alada goýandygyny aýtdy.

“Sekretar Pompeonyň işi daşardaky awtoritar hereketleri ýazgarmakdan ybarat. Emma ol şu günki bellikleri bilen biziň öz demokratik prosesslerimizi masgaralady” diýip, Takano Twitter hasabynda ýazgy galdyrdy.

Baýden Pompeonyň belliklerine jogap edip, saýlawlarda galplyklaryň bolandygyna güwä geçýän “hiç bir deliliň ýokdugyny” aýtdy. Ol Trampyň saýlawlary ykrar etmezligini “utanç bir iş” atlandyrdy, şeýle-de munuň “prezidentiň yzynda galdyrjak mirasyna ýardam etmejekdigini” belledi.

Emma beýlekiler, şol sanda Kongresiň agzalary Pompeonyň özi barada gürrüň etdiler.

Daşary gatnaşyklar boýunça komitetiň başlygy wezipesinden gidip barýan Eliot Engel beýanat ýaýradyp, “Pompeonyň geçen hepdedäki saýlawlaryň kanunylygy boýunça edilýän esassyz we howply öňe sürmeler bilen oýun etmeli däldigini” aýtdy.

Pompeonyň ýiti tankytçysy bolan Engel “Döwlet departamenti saýlanan-prezident Baýdeniň geçişini taýýarlamak ugrunda işläp başlamaly” diýip, belledi.

ABŞ-nyň baýry diplomaty, Daşary gatnaşyklar boýunça geňeşiň prezidenti Riçard Haas Pompeonyň bellikleri üçin saýlanan wagty we olaryň mazmuny nazarda tutulanda, bularyň hiç bir gülki iş däldigini aýtdy.

“Başga bir mazmunda, başda bir dünýäde, başga bir wagtda @SecPompeo-nyň Trampyň 2-nji administrasiýanyň geçişi baradaky bellikleri gülkünç eşdilip bilnerdi. Emma bu mazmunda, bu dünýäde we bu wagtda däl. Biziň demokratiýamyz we biziň ýagdaýymyz boýunça köp zat ortada dur” diýip, ol Twitterde ýazgy galdyrdy.

Ýewropa Bileleşiginiň liberal kanunçykaryjysy, Belgiýanyň ozalky premýer-ministri Guý Werhofşadt Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen deňeşdirme getirip, Twitterde Pompeony “Putiniň awtoritarizmine meňzeş ulgam üçin howply esas döretmekde” aýyplady.

Pompeo žurnalistiň Trampyň saýlawlary ykrar etmekden boýun gaçyrmagy daşary ýurtlarda nähili täsir galdyryp biljekdigi baradaky soragyna hem hüjüm etdi.

“Bu gülkünç, sen munuň gülkünçdigini özüň hem bilýäň, sen onda-da muny soradyň, sebäbi bu gülkünç” diýip, Pompeo jogap gaýtardy. “Sen bir gülkünç soragy berdiň. Bu departament dünýädäki saýlawlaryň howpsuz, açyk we aýan geçmegi ugrunda uly alada edýär. Meniň ofiserlerim muny durmuşa geçirmek üçin öz janlaryny howp astyna oklaýarlar” diýip, Pompeo sözüne goşdy.

Soňky döwürde, Pompeo we Döwlet departamenti Tanzaniýada, Kot-d’Iwuarda we Belarusda geçen saýlawlardaky bidüzgünçiliklere alada bildiripdi.

Şol bir wagtda, Trampyň administrasiýanyň daşary ýurtlardaky saýlawlara çemeleşişi yzygiderli bolmandy. Tramp Russiýadaky 2018-nji ýyldaky dawaly saýlawlaryň netijesinde ýeňiji diýlip yglan edilen Putini gutlady. Bolmasa, onuň telefon söhbetdeşligi üçin brifing belliklerinde “gutlama” diýen ýazgy bardy.

Tramp 2017-nji ýylda Kenýanyň häkimiýet başyndaky prezidenti Uhuru Kenýattany “parahatçylykly, adalatly we açyk bäsleşik” esasynda geçen saýlawda ýeňiş gazanmagy bilen gutlapdy. Kenýanyň Ýokary sudy soňy bilen bu saýlawlaryň netijelerini ýatyrdy.

Trampyň administrasiýasy Gondurasda 2017-nji ýyldaky juda dawaly saýlawlaryň netijesinde häkimiýet başyna gelen prezident Huan Orlando Hernandezi hem gutlapdy.

Pompeo geljek hepde Gürjüstanyň ýokary derejeli resmileri bilen geçirjek gepleşikleriniň dowamynda, ABŞ-nyň Gürjüstanyň “özygtyýarlygyna we territorial bütewiligine” goldawyny bildirer, şeýle-de “demokratik reformalarynda mundan beýläk hem ilerlemä çagyrar” diýip, ABŞ-nyň Gürjüstandaky ilçihanasynyň beýanatynda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG