Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan güýçleri Kabul uniwersitetine edilen hüjümiň ‘esasy ruhlandyrjysyny’ tussag etdi


Hüjümde ýaralanan owgan studenti Kabuldaky keselhanada ýatyr. 2-nji noýabr, 2020 ý.
Hüjümde ýaralanan owgan studenti Kabuldaky keselhanada ýatyr. 2-nji noýabr, 2020 ý.

Owganystanyň harby güýçleri Kabul uniwersitetine edilen ýowuz terrorçylykly hüjümiň “esasy ruhlandyrjysyny” ele saldy diýip, 14-nji noýabrda ýokary derejeli owgan resmisi aýtdy.

2-nji noýabrda üç sany ýaragly adam uniwersitete hüjüm edip, synp otaglaryna birnäçe sagat ot açanda, azyndan 22 adam öldi we başga-da 27 sanysy ýaralandy.

“Kabul uniwersitetine edilen hüjümiň baş ruhlandyryjysy tussag edildi” diýip, wise-prezident Amrullah Saleh özüniň Facebook sahypasynda ýazan maglumatynda aýtdy.

Üç hüjümçi öldürilenden soň tamamlanan hüjüm Adil atly söweşiji tarapyndan planlaşdyrylypdyr diýip, Saleh belledi.

Adil “Hakkani” topary tarapyndan işe alnypdyr diýip, Saleh tussag edilen şübheliniň diňe adyny aýtmak bilen çaklendi.

“Talybanyň” esasy bölümi bolan “Hakkani” toparynyň owgan we halkara güýçlerine, şeýle-de owgan raýatlaryna edilen iň ganly hüjümleriň arkasynda durandygyna ynanylýar. Bu Waşington tarapyndan terrorçy topar diýlip atlandyryldy.

Adil sorag edilen wagtynda, hüjümi amala aşyrmak üçin “Hakkani” toparyndan ýarag alandygyny aýtdy diýip, Saleh belledi.

Mundan öň “Yslam döwleti” (YD) ekstremist topary Kabul uniwersitetine edilen hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alypdy.

XS
SM
MD
LG