Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

New York Times: ‘Al-Kaýdanyň’ ikinji ýokary derejeli lideri öldürildi


1998-nji ýylda ABŞ-nyň Keniýadaky (ýokarda) we Tanzaniýadaky ilçihanalaryna edilen bomba hüjümlerinde 224 adam öldi we başga-da 5000-den gowrak adam ýaralandy.

1998-nji ýylda ABŞ-nyň Afrikadaky iki ilçihanasynda bolup geçen ganly partlamany gurnamakda aýyplanan “Al-Kaýdanyň” ikinji ýokary derejeli lideri Ysraýylyň agentleri tarapyndan awgust aýynda Eýranda öldürildi diýip, “The New York Times” neşiri habar berýär.

“Abu Muhammad al-Masri” lakamy bilen hem tanalýan Abdullah Ahmed Abdullah motosiklli iki ýaragly adam tarapyndan 7-nji awgustda Tähranyň köçelerinde atylyp öldürildi diýlip, neşiriň 13-nji noýabrda çap eden habarynda bellenilýar.

Masri “Al-Kaýdanyň” häzirki lideri Aýman al-Zawahiriniň bolup biläýjek mirasdüşeri hökmünde görülýärdi.

Neşir aňtaw resmilerine salgylanyp, hüjümiň ysraýylly agentler tarapyndan ABŞ-nyň buýrugy bilen amala aşyrylandygyny aýtdy.

14-nji noýabrda Eýranyň Daşary işler ministrligi bu habary “berk” ret edip, Eýranyň topragynda “Al-Kaýda” toparynyň terrorçylarynyň ýokdugyny aýtdy.

Adynyň aýdylmazlygy şerti bilen “Reuters” habar gullugyna interwýu beren ABŞ resmisi “The New York Times” neşiriniň maglumatynyň islendik jikme-jigini tassyklamagy ýa-da ABŞ-nyň gatnaşygynyň bolandygyny ýa bolmandygyny aýtmagy ret etdi.

Bu öldürilmäni Eýran, “Al-Kaýda”, ABŞ ýa-da Ysraýyl hiç haçan aç-açan boýun almady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG