Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

15 Aziýa-Ýuwaş umman döwleti dünýäniň iň uly söwda şertnamasyna gol çekýär


ASEAN sammiti. Arhiwden alnan surat. 2018 ý.
ASEAN sammiti. Arhiwden alnan surat. 2018 ý.

15-nji noýabrda geçirilýän Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary birleşiginiň (ASEAN) ýyllyk sammitiniň çäginde Hytaý we başga-da 14 ýurt dünýäniň iň uly söwda şertnamasyna gol goýýar.

Bu ýylky ASEAN sammiti Wýetnamyň Hanoý şäherinde geçirilýär. Ýöne sammit koronawirus pandemiýasy sebäpli wideokonferensiýa arkaly amala aşyrylýar. Söwda şertnamasyna gol çekişlik dabarasy wirtual görnüşde geçiriler.

Sebitleýin hemmetaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlyk (RCEP) diýlip atlandyrylýan bu şertnama 15 ýurduň arasynda tarifleri peselder we söwda hyzmatlaryny açar.

Şeýle hem, bu şertnama kompaniýalara her ýurt üçin aýratyn talaplary ýerine ýetirmezden, blogyň islendik ýerinde önüm eksport etmäge mümkinçilik berýär.

Resminama gol çekmek isleýän 15 ýurt bu şertnamanyň pandemiýanyň ykdysadyýetlerine ýetiren ýykyjy täsirlerini azaltmaga kömek etjekdigine umyt edýändigini aýtdy. Emma bu sebitdäki täsirini giňeldýänligi sebäpli Hytaý üçin şowly ädim hökmünde hem görülýär.

XS
SM
MD
LG