Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bosniýalylar gijikdirilen ýerli saýlawlarda ses berýärler


15-nji noýabrda saýlawçylar Banja Lukada nobata durýarlar.
15-nji noýabrda saýlawçylar Banja Lukada nobata durýarlar.

15-nji noýabrda bosniýalylar ýurduň býujet krizisi sebäpli yza süýşürilen ýerli saýlawlarda ses berýärler.

3,4 milliona golaý saýlawçynyň ýurduň iki awtonom sebitinde - Bosniýa-Horwat federasiýasynda we Srpska respublikasynda, şeýle-de bitarap Brsko etrabynda şäher we munisipal geňeşlerini hem-de häkimlerini saýlamak boýunça geçirilýän saýlawlarda ses bermäge hukugy bar.

Saýlawlar ýerli wagt bilen sagat 07:00-de açyldy we 19:00-da ýapylar. Deslapky netijeleriň ýary gije yglan edilmegine garaşylýar.

Saýlaw uçastoklaryna baran saýlawçylar dowam edýän koronawirus pandemiýasy sebäpli berk fiziki aralygy saklamak düzgünlerini berjaý etmeli boldular.

Ilkibaşda saýlawlary 4-nji oktýabrda geçirmek meýilleşdirilýärdi. Emma hökümetiň milli býujeti kabul etmekde, şol sanda saýlawlary maliýeleşdirmekde gijä galmagy, saýlawlaryň yza süýşürilmegine sebäp boldy.

XS
SM
MD
LG