Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Belarus polisiýasy onlarça demonstranty tussag etdi


Belarus polisiýasy Minskde tussag edilen protestçini alyp barýar. 15-nji noýabr, 2020 ý.

Belarusyň polisiýasy awgust aýyndaky jedelli ses berişligiň yzýany, ýurtda täze prezident saýlawlarynyň geçirilmegini we Alýaksandr Lukaşenkanyň işinden çekilmegini talap edýän onlarça demonstranty tussag etdi.

Polisiýa paýtagt Minskdäki Puşkinskaýa metro stansiýasynyň golaýynda ýygnanan adamlaryň üýşmeleňini dargatmak üçin göz ýaşardyjy gaz ulandy. 15-nji noýabrda bu ýerde birnäçe müň adam ýygnandy.

Demonstrantlar Belarusdaky syýasy oppozisiýanyň nyşanyna öwrülen we gadagan edilen ak-gyzyl-ak reňkdäki baýdaklary göterip, “Lukaşenka! Tribunal!” we “Belarusy söýüň, ýaşaň!” ýaly şygarlary gygyrdylar.

26 ýyllap Belarusy dolandyran Lukaşenka, 9-njy awgustda geçirilen prezident saýlawyndan bäri tas günde protestler bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Oppozisiýa saýlawlaryň netijelerini galp diýip yglan etdi we Günbatar netijeleri kabul etmekden ýüz öwürdi.

Şol bir wagtyň özünde, Russiýa Belarusda dowam edýän bu ýagdaýlar bilen bagly Lukaşenkany goldady.

Belarusyň häkimiýetleri Lukaşenkany sesleriň ýeňijisi diýip yglan edeninden bäri birnäçe demonstrant öldürildi we müňlerçe adam tussag edildi. Ýurduň oppozisiýa liderleriniň köpüsi, şol sanda Swýatlana Tihanowskaýa ýurtdan çykmaga mejbur edildi ýa-da tussag edildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG