Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moldowanyň prezidentlik saýlawlarynda Günbataryň tarapdary Maýa Sandu ýeňiş gazandy


Maýa Sandu
Maýa Sandu

Bütindünýä bankynyň öňki ykdysadyýetçisi Ýewropa Bileleşigi bilen has ýakyn gatnaşyklary goldaýan Maýa Sandu, Moldowada geçlen prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazandy.

16-njy noýabrda çap edilen deslapky netijelere görä, Sandu sesleriň 57% -ini aldy.

Merkezi saýlaw komissiýasynyň maglumatlaryna görä, sesleriň 99%-tiniň sanalmagynda 43% sesi orsýetçi häzirki prezident Igor Dodon alypdyr.

Sandunyň tarapdarlary ýeňşi "Hereket we raýdaşlyk partiýasynyň" (MMB) merkezinde bellediler.

15-nji noýabrda geçirilen saýlawda ses berijileriň gatnaşyk derejesi 52%-den gowrak bolup, birinji tapgyra gatnaşanlardan 10% ýokarlandy.

Netijede, öňki sowet respublikasynyň syýasy geljegi bilen baglanyşykly çekeleşikli bäsdeşligiň iň soňky netijeleri ýurduň Ýewropa Bileleşigine ýakynlaşjagyny ýa-da Moskwanyň orbitasyna has berk çekiljegini kesgitledi.

XS
SM
MD
LG