Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistan tussaglaryň garyndaşlary üçin türmä baryp görmek gadagançylygyny bes edýär


Duşenbäniň golaýyndaky türmäniň kabulhanasy.
Duşenbäniň golaýyndaky türmäniň kabulhanasy.

Täjigistanyň häkimiýetleri koronawirus pandemiýasy sebäpli tussaglaryň maşgalalary üçin tussaghana saparlary gadagan etmeginden ýedi aý soň, olara türmelerdäki garyndaşlaryny görmäge rugsat berilýändigini aýtdy.

Adalat ministrliginiň Tussaghanalar boýunça baş müdiriniň orunbasary Ilhom Mahmudow hepdäniň ahyrynda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda tussaglaryň garyndaşlaryna sapardan 24 sagat öň alnan negatiw koronawirus synag netijelerini görkezen ýagdaýynda görüşmäge rugsat berilýändigini aýtdy.

Habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, iýun aýynda Täjigistanda COVID-19-dan 11 tussag we üç garawul ýogalypdyr. Resmiler bu habarlary ret edip, olaryň ýiti pnewmoniýadan ölendiklerini aýtdylar.

Ýurduň daşyndaky oppozisiýa aktiwistleri tarapyndan döredilen Täjigistanda syýasy zamunlary we tussaglary goramak boýunça raýat komiteti Täjigistanyň türmelerini barlamak we tussaglaryň saglyk ýagdaýyny görmek üçin raýat hukuklary aktiwistlerinden we Bütindünýä saglyk guramasy, Halkara gyzyl haç we ýarym aý komiteti we Serhetsiz lukmanlar ýaly halkara guramalarynyň wekillerinden ybarat komissiýa döretmegi täjik häkimiýetlerinden talap etdi.

Şeýle hem, komitet Täjigistanyň häkimiýetlerini koronawirus ýokaşan tussaglaryň türmeleriň daşyndaky lukmançylyk edaralarynda bejerilmegine rugsat bermäge çagyrdy.

16-njy noýabrda Täjigistanyň saglygy goraýyş edaralary ýurtda 11 610 adamyň koronawirus bilen hasaba alnandygyny we 85 adamyň ýogalandygy habar berdi.

XS
SM
MD
LG