Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pompeo ýokary derejeli gepleşikler üçin Gürjüstana sapar edýär


ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeonyň 17-nji noýabrda giçlik Gürjüstana sapar etmegine garaşylýar. Pompeo bu saparynyň dowamynda Günorta Kawkaz ýurdunyň ýolbaşçylary bilen goranmak we howpsuzlyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak mümkinçiligi barada gepleşikleri geçirmegi meýilleşdirýär.

Onuň 18-nji noýabrda prezident Salome Zurabişwili (Salome Zurabishvili), premýer-ministr Jorji Gaharýa (Giorgi Gakharia), daşary işler ministri Dawit Zalkaliani, raýat jemgyýetiniň wekilleri we Gürjüstanyň prawoslaw kilisesiniň ýolbaşçysy patriarh Ilia II bilen duşuşyklary geçirmegine garaşylýar.

Ýokary derejeli diplomatik ýygnaklarda ABŞ-Gürjüstan Strategik Hyzmatdaşlyk Hartiýasynyň ileri tutulýan ugurlary, goranmak we howpsuzlyk ýaly köp ugurda, şol sanda söwda, bilim we medeniýet pudagynda hyzmatdaşlygy has çuňlaşdyrmak mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşylar diýip, Gürjüstanyň Daşary işler ministrligi aýdýar.

Pompeonyň sapary Birleşen Ştatlaryň Gürjüstanyň özygtyýarlylygyny we territorial bitewiligini, ýurduň mundan beýläk-de demokratik ösüşini we Ýewropa integrasiýasyny pugta goldaýandygyny tassyklar diýip, ministrlik belledi.

XS
SM
MD
LG