Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“SpaceX-iň” kosmiki gämisi Halkara kosmos stansiýasynyň bortuna bardy


“SpaceX Crew Dragon-yň” kosmiki gämisi tarapyndan orbita göterilen dört kosmonawt 17-nji noýabrda Halkara kosmos stansiýasynyň bortuna bardy. Bu şuňa meňzeş ilkinji missiýa bolup, NASA munuň ABŞ-nyň rus raketalaryna garaşlylygyny bes etjek adaty missiýalar boljakdygyna umyt edýär.

“Resilience” kosmiki gämisi 16-njy noýabrda ýerli wagt bilen agşam sagat 11:01-de kosmos stansiýasyndaky gämi duralgasyna özbaşdak bardy.

Gäminiň ekipaž agzalaryny üç amerikaly - Maýkl Hopkins (Michael Hopkins), Wiktor Glower (Victor Glover) we Şannon Walker (Shannon Walker), şeýle-de ýapon Soçi Noguçi (Soichi Noguchi) emele getirýär.

Kosmonawtlar Halkara kosmos stansiýasynyň bortuna baranda, olary stansiýanyň üç ekipaž agzasy garşy alyp, şatlykly gujaklady.

Dört kosmonawt stansiýadaky iki orsýetli we bir amerikaly bilen bilelikde, alty aý şol ýerde galar.

XS
SM
MD
LG