Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Özbegistanyň gonamçylyklarynda mazarlar birden artdy. Hökümetler koronawirusdan ölýänleriň sanynyň ýokarydygyny ret edýärler


Özbegistandaky gonamçylyklarda täze dörän mazarlar

Özbegistanda soňky dört hepdäniň dowamynda koronawirusdan ölýänleriň sany birden ýokarlandy, ýöne ol maglumat resmi statistikada häzirlikçe görkezilmeýär. Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň žurnalistleriniň geçiren barlaglaryna görä, soňky wagtda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde, şeýle hem azyndan dört welaýatda ölüm derejesi ýokarlanypdyr.

Soňky aýda Daşkendiň etegindäki Okteppa gonamçylygynda täze mazarlar has artypdyr. Mazarlaryň köpüsinde häzirlikçe diňe san belgisi goýlupdyr; hossarlary olara mazarüsti daşlary goýmaga ýetişmändirler. Ýerli ymamyň hem gabyr gazyjylaryň tassyklamagyna görä, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, koronawirus pandemiýasy wagtynda mazarlaryň sany aşa köpelipdir.

“Şu günüň özünde dört mazar jaýyny gazdyk, olardan ikisi koronawirusdan ýogalanlara niýetlendi. Düýn dört adamy jaýladyk, olardan üçüsi koronawirusdan ýogalan eken” diýip, gabyr gazyjylardan biri aýdýar.

“Şu gün ertir bize öýle namazyna çenli ol iki merhum jaýlanar diýdiler, ýöne [merhumy] entek getirmediler. Ony Zangiatadan getirmelidiler, ol ýerdäki keselhanada ölenler gaty köp, meýidi almak üçin nobata durlar diýýärler – diýip, gonamçylygyň beýleki bir işçisi aýdýar. – Iň agyr wagt; bir günde 12 merhumy getirdiler, olardan iki sanysy atady keselden ýogalan bolsa, galan onusy koronawirusdan”.

Merhumlaryň saklanýan ýeri – morgyň Daşkent welaýatynyň Zangiata raýonynda ýerleşýändigini bir gabyr gazyjy gürrüň berdi. Ol morg koronawirus kesellileri bejermek üçin, golaýda şol ýerde gurlan keselhana hyzmat edýär. Ýogalan adamyň hossarlarynyň morgyň öňünde öz nobatyna garaşyp durandygyny görkezýän wideoýazgy sosial ulgamda peýda boldy.

"Bu ýerde öz hossarynyň jesedini aljak bolup, üç-bäş gün garaşyp duran adamlar hem bar” diýip, bir aýal morgyň derwezesiniň alnynda durup gürrüň berýär. Muňa morgyň işgäri garşy çykyp, ol aýala “bu ýerde beýle zat ýok” diýýär. Ýöne aýal onuň sözüne ynanmaýar. “Bar, bäş günden soň öz meýidini alyp gidenler bar. Biz ony gördük” diýip, ol aýal tassyklaýar.

Özbegistanyň saglygy saklaýyş ministrligi soňky hepdelerde koronawirus ýokuşan näsaglaryň arasynda ölüm derejesiniň ýokarydygyny, morgyň derwezesinde nobatyň emele gelendigini ret edýär. Çinownikler nobatyň döremegini ýogalan adamyň jesedini hossarlaryna berip goýbermek üçin taýýarlyk işleriniň uzaga çekýändigi bilen düşündirýärler.

Resmi maglumata görä, Zangiata keselhanasyna Daşkent şäherinden hem Daşkent welaýatyndan näsaglaryň 80% çemesi getirilýär. Bu san bilen Daşkendiň gonamçylygyndaky täze döreýän gabyrlaryň sany deňeşdirilende, COVID-19 ýokaşanlaryň ýogalmagy resmi maglumatlardan has ýokary bolýar diýip, Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň barlagynda aýdylýar.

Onsoňam diňe bir Daşkent gonamçylygynda däl, az ilatly kiçi obalardaky gonamçylyklarda hem mazarlaryň sany artýar. Namangan welaýatynyň 2,5 müň ilaty bolan bir kiçi obasynda, soňky 14 günüň dowamynda 15 gabyr gazylypdyr. Şolardan 12 sanysyna koronawirusyň pidalary jaýlandy diýip, gonamçylygyň garawuly aýdýar. Ol ýogalanlaryň atlary, ýaşan ýerleriniň salgysy Azatlyk Radiosynyň redaksiýasynda bar.

“Merhumyň hossarlaryndan diňe iki kişi jesedi sellofan haltada getirilýär hem şonuň bilen jaýlaýarlar – diýip, ýerli gonamçylygyň işgäri koronawirusdan ölenler barada gürrüň berýär. – Ýogalana degişli hem jeset örtülen ähli zatlar ýüzugra şol ýerde oda ýakylýar. Beýleki hossarlaryna hatda maşyndan düşmäge-de rugsat edilmeýär. Maşynyň gapysyny açman, aýnadan onuň jaýlanyşyna syn edýärler. Aýallar aglaşýarlar, eňreşýärler... Şeýdip hoşlaşyp, yzyna dolanýarlar”.

Gonamçylygyň işgärleriniň hem merhuma jynaza okaýan ýerli ymamlaryň syn etmegine görä, pandemiýanyň ilkinji aýynda Özbegistanda koronawirusdan ölenleriň sany iki adamdan köp bolmandyr, soňky hepdelerde bolsa ol san 10 – 15 adama baryp ýetipdir.

"Geçen hepdede ýogalanlaryň sany birden artdy – diýip, ymamlardan biri aýdýar. – Ol jumadan, bu juma aralygynda on adamy jaýladylar. Her günde iki adamyň jaýlanan gezegi-de boldy. Olary keselhanadan sellofanda getirýärler, jesedi getirilen ulagdan düşürmän durup, biz maşynyň ýanyna baryp, oňa jynaza okaýarys. Soňra ol ulag gonamçylyga gidip, edil gabyryň ýanynda durýar. Merhumy şol ýerde, öň taýýar edilen gabyra alyp jaýlaýarlar”.

Aýratyn gorag kostýumly, şeýle ýörite adam jaýlaýjy toparlar baradaky wideo işleri awgust aýynda-da gelip gowşupdy. Kadrda bir erkek kişiniň Botkin gonamçylygynda jaýlanyşy görkezilýär, ol koronawirusdan ýogalypdyr.

Material Azatlyk Radiosynyň Nastoýaşşeýe wremýa kanaly tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Teswirleri gör

XS
SM
MD
LG