Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

AEHA: Eýran ýene ýadro ylalaşygynyň şertlerini bozdy


Eýranyň Natanz desgasynda urany baýlaşdyrmak üçin niýetlenen abzallar

BMG-niň atom energiýasyna gözegçilik edýän edarasy Eýranyň Natanz desgasynda ornaşdyrylan urany baýlaşdyrmak üçin niýetlenen setrifugalary işe girizip düýäniň iri döwletleri bilen baglaşylan ylalaşygyň şertlerini ýene bozandygyny aýtdy.

Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň baş direktory Rafael Grossiniň 18-nji noýabrda aýtmagyna görä, Natanz sebitinde gömülgi saklanan setrifugalar işe girizilipdir.

Natanz Eýranyň urany baýlaşdyrmak boýunça iň iri desgasydyr.

The New York Times neşiriniň öz çeşmesine salgylanyp beren maglumatyna görä, golaýda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bu desga hüjüm etmek baradaky mümkinçikler bilen gyzyklanypdyr.

XS
SM
MD
LG