Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Trampyň Eýranyň ýadro desgalaryna zarba urmagyň mümkinçilikleri bilen gyzyklanandygy habar berilýär


Eýranyň Natanz ýadro desgasynyň girelgesi. 6-njy noýabr, 2019 ý.

Media maglumatlarynda aýdylmagyna görä, prezidentlik wezipesinde iki aýy galan ABŞ prezidenti Donald Tramp ýokary wezipeli kömekçilerinden Eýranyň ýadro desgalaryna zarba urmagyň mümkinçilikleri barada sorapdyr.

12-nji noýbabrda geçiren ýygnagynda Tramp birnäçe ýokary derejeli kömekçisinden, şol sanda wise-prezident Maýk Pensden, döwlet sekretary Maýk Pompeodan hem-de Baş ştabyň başlygy general Mark Milleýden “öňümizdäki hepdelerde özünde Eýranyň esasy ýadro desgasyna garşy çäre görmek mümkinçiliginiň bardygyny ýa-da ýokdugyny” sorady diýip, The New York Times 16-njy noýabrda habar berdi.

Ýokary derejeli resmiler onuň prezidentlik möhletiniň soňky hepdelerinde şeýle çäräniň has uly çaknyşygy tutaşdyryp biljekdigini aýdyp, “prezidenti harby zarba urmak pikirinden dändirdiler” diýip, The Times ýazýar.

Bir ABŞ resmisi bu habary 17-nji noýabrda Reuters habar agentligine tassyklady.

“Ol mümkinçilikler bilen gyzyklandy. Olar oňa bolup biläýjek ýagdaýlary düşündirdiler we ol soňy bilen öňe gitmezlik kararyna geldi” diýip, resmi aýtdy.

Habar berilmegine görä, Tramp bu sorag bilen Halkara Atom energiýasy Guramasynyň (IAEA) Eýranyň uran baýlaşdyrmaga dowam edýändigi barada beren hasabatyndan soň gyzyklandy.

Ak tam kommentariýa bermekden ýüz öwürdi.

Şeýle hüjümiň Natanza gönükdirilmegi gaty mümkindi. Halkara Atom Energiýasy Guramasy ol ýerde Tähranyň Eýran bilen dünýä güýçleriniň 2015-nji ýylda ylalaşan şertnamasynda rugsat berilýän mukdardan “12 esse has köp uran üýşürendigini” habar berdi. Tramp bu ylalaşykdan 2018-nji ýylda çekildi.

“Eýran halkyna gönükdirilen islendik hüjüm şübhesiz agyr gaýtawul bilen ýüzbe-ýüz bolar” diýip, Eýran hökümetiniň metbugat sekretary Ali Rabiei hökümetiň resmi web-saýtynda efire berlen çykyşynda aýtdy.

3-nji noýabr prezident saýlawlarynyň netijelerine garşy çykýan we heniz olara boýun bolmadyk Tramp 20-nji ýanwarda häkimiýeti saýlanan prezident Jo Baýdene geçirer. Baýdeniň geçiş topary bu mesele boýunça kommentariýa bermekden boýun towlady.

Tramp administrasiýasy Baýden toparynyň milli howpsuzlyk maglumatlaryna elýeterliliginiň öňüni baglap, häkimiýeti geçirmek prosesine başlamakdan ýüz öwürdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG