Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus raýaty gizlin maglumatlary ýygnandygy üçin 13 ýyl aldy


Ýuriý Ýeşçenko
Ýuriý Ýeşçenko

Rus erkegi gizlin maglumatlary ABŞ-nyň aňtaw gullugyna bermäge synanyşandygy üçin 13 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Federal howpsuzlyk gullugy (FSB) 20-nji noýabrda Brýansk sebit sudunyň Ýuriý Ýeşçenkonyň 2015-2017-nji ýyllarda Murmansk şäherinde harby gämileri bejerýän kompaniýada işlemek bilen, rus deňiz floty üçin işlenip düzülen elektron enjamlara degişli gizlin materiallary bikanun ýygnandygyny anyklandygyny aýtdy.

FSB Ýeşçenkonyň 2019-njy ýylda, gizlin maglumatlary Merkezi aňtaw gullugynyň (CIA) işgärine geçirjek bolanda tutulandygyny aýtdy.

FSB-nyň habaryna görä, Ýeşçenko günäsini boýun aldy.

Orsýetiň adam hukuklary guramalary biraz öň prezident Wladimir Putin 1999-njy ýylyň aýagynda häkimiýet başyna geleli bäri ýurtda 100 töweregi rus raýatyna dönüklik we içalyçylyk aýyplamalary esasynda höküm çykarylandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG