Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Orsýetde koronawirus ýokuşanlaryň we ondan ölenleriň köpelmegi dowam edýär


Gyzyl zonada dynç alýan rus lukmanlary.

Orsýetde soňky bir gije-gündiziň dowamynda koronawirus ýokuşmalary we koronawirus sebäpli ölenler babatda ýene ýokary görkezijiler yglan edildi.

Operatiw merkeziň habaryna görä, Russiýada bir gije-gündizde 24,822 täze ýokuşma ýüze çykaryldy. Bu ýazdaky görkezijiden iki esse köp. Gije-gündiziň dowamynda 467 adam koronawirusdan öldi - bu hem pandemiýa başlanaly bäri iň ýokary görkeziji bolup durýar.

Operatiw merkeziň statistikasyna görä, ölenleriň umumy sany 35 müňden geçdi (Rosstat, adatça, bu sanlary soň düzedýär we ölenleriň sany köpelýär; kesel ýokuşan adamlaryň hemmesi resmi ölüm statistikasyna goşulmaýar, bu maglumata diňe ölümiň esasy sebäbi koronawirus diýlip ykrar edilen adamlar goşulýar).

Şol bir wagtda, eýýäm dördünji gün gije-gündiziň dowamynda gutulanlaryň sany näsaglanlaryň sanyndan köp, ýagny keseliň işjeň ýagdaýlarynyň sany azalýar. Häzir keseli işjeň ýagdaýda diýip hasaplanýan nasaglaryň sany 400 müň töweregi diýip bilinýär.

Moskwada bir gije-gündizde wirus ýokuşanlaryň sany täze iň ýokary derejä çykdy, 7 müňden gowrak adam COVID-19 bilen keselledi.

Soňky bir gije-gündizde Moskwada 1,5 müňden gowrak koronawirus hassasynyň keselhana ýerleşdirilendigi habar berildi.

Pandemiýa başlanaly bäri Orsýetde 2 milliondan gowrak ýaşaýjyda koronawirus ýüze çykaryldy.

XS
SM
MD
LG