Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Federal sudýa Trampyň saýlaw kampaniýasynyň Pensilwaniýadaky şikaýatyny ret etdi


Trampyň aklawçylary sesleriň sanalyşyny sorag astyna alyp, dürli ştatlarda 20-den gowrak sud şikaýatyny etdi.

Federal sudýa prezident Donald Trampyň saýlaw kampaniýasynyň Pensilwaniýa ştatynda elektron poçta arkaly berlen sesleriň, millionlarça poçta býulleteniniň tassyklanmagynyň öňüni almak üçin eden sud şikaýatyny ret etdi.

21-nji noýabrda çykarylan karar Trampyň milli netijeleri gowşatmak üçin eden synanyşyklaryna urlan iň soňky zarba boldy.

Pensilwaniýa 3-nji noýabrda geçirilen saýlawda Trampyň bäsdeşi Jo Baýdeniň üstün çykandygyny görkezýän birnäçe möhüm ştatyň biri boldy.

Trampyň aklawçylary pensilwiýaly resmileriň poçta býulletenlerini nädogry hasaplaýandyklaryny we respublikan synçylara poçta býulletenleriniň sanalmagyna gözegçilik etmek üçin rugsat berilmeýändigini aýdyp, suda şikaýat etdiler.

ABŞ-nyň okrug sudýasy Matthew Brann bu sud şikaýatyny ret etdi we Trampyň aklawçylaryny ýazgardy.

Brann öz kararynda Tramp kampaniýasynyň hiç hili delil getirmändigini, gep-gürrüň aýyplamalary bilen süýndürilen kanun delillerini ulanandygyny aýtdy.

Bu karar Pensilwaniýa resmileriniň indi saýlaw netijelerini tassyklap biljekdigini aňladýar.

Trampyň aklawçylary sesleriň sanalyşyny sorag astyna alyp, dürli ştatlarda 20-den gowrak sud şikaýatyny etdi, emma olaryň hemmesi diýen ýaly ret edildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG