Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan pul ýuwmak we terrorçylygy maliýeleşdirmek problemalary boýunça halkara maslahatyna gatnaşdy


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekilleri Ýewraziýa toparynyň pul ýuwmaklyga we terrorçylygy maliýeleşdirmeklige garşy göreş boýunça (EAG) wideo konferensiýa arkaly geçirilen 33-nji umumy mejlisine gatnaşdy.

Köptaraplaýyn ýygnak EAG-a agza 9 döwletiň, ýagny Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Orsýetiň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Hindistanyň, we Hytaýyň, wekilleriniň, şeýle hem guramada synçy statusyna eýe bolan birnäçe ýurduň, halkara we regional guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi.

Türkmenistanyň döwlet habar agentligi ýurduň guramaçylykly jenaýatçylyga we terrorçylyk hereketlerine garşy göreşmek boýunça BMG-nyň birnäçe konwensiýasyna, şertnamalaryna we maksatnamalaryna goşulandygy we bu ugurda beýleki döwletler hem pul ýuwmaklyga garşy maliýe çärelerini ösdürmek boýunça FATF, EAG we EGMONT topary ýaly guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini habar berýär.

Türkmenistan ykdysadyýetiniň açyk bolmazlygy we korrupsiýanyň ösen derejesi boýunça halkara hasabatlarynda ýyllarboýy ilkinji setirlerde ýerleşýär. TRACE International guramasynyň Dünýä ýurtlarynda korrupsiýa töwekgelçiligi baradaky täze hasabatyna görä, Türkmenistan Demirgazyk Koreýadan soň dünýäniň iň korrumpirlenen ýurdy hasaplanýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG