Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa göçmek statusyny alan türkmen raýatlaryny alyp gitmek barada täze düzgün çap etdi


Russiýanyň Moskwadaky ilçihanasy.
Russiýanyň Moskwadaky ilçihanasy.

Russiýa Türkmenistandan Russiýa göçmek statusyny alan türkmen raýatlaryny ýurtdan alyp gitmek barada täze düzgün girizdi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi websaýtynda maglumat ýerleşdirildi.

“Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasynda göçürmek prosesini kadalaşdyrmak we migrantlaryň hukuklaryny goramak barada 1993-nji ýylyň 23-nji dekabrynda Aşgabatda gol çekilen şertnama esasynda Russiýa Federasiýasyna göçmäge rugsat alan adamlar, şeýle hem bu rugsada goşulan maşgala agzalary häzirki wagtda Russiýa Federasiýasynyň çägine girmäge rugsat berlen daşary ýurt raýatlarynyň kategoriýalarynyň sanawyna girizildi” diýlip, 23-nji noýabrda çap edilen maglumatda aýdylýar.

Maglumatda munuň Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň 2020-nji ýylyň 16-njy martyndaky 635-nji belgili buýrugyna 2020-nji ýylyň 18-nji noýabrynda girizilen üýtgetmelere laýyklykda amala aşyrylýandygy hem bellenilýär.

Russiýa çarter reýsler arkaly gitmek isleýän raýatlara anketa doldurmak hem-de muny beýleki dokumentler bilen bilelikde ilçihana email arkaly ugratmak teklip edilýär.

Şeýle-de maglumatda aýdylyşyna görä, ýurtdan gidýänleriň düzülen sanawlary Türkmenistanyň degişli edaralary bilen tassyklanylýar.

Soňky ýyllarda Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary Türkmenistandan Russiýa göçüp gitmek isleýänleriň köpelendigi, munuň bilen bagly Aşgabatdaky rus ilçihanasynyň öňünde ýüzlerçe adamyň ýygnanýandygy barada ençeme gezek habar berdiler.

XS
SM
MD
LG