Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda rus wizasyna zerur bolan Çakylyk hatlaryny pula oňaryp berýän toparlar döredi


Türkmenistandaky rus ilçihanasynyň konsul bölüminiň öňündäki nobat, Aşgabat, 21-nji dekabr, 2018. Arhiwden alnan surat.
Türkmenistandaky rus ilçihanasynyň konsul bölüminiň öňündäki nobat, Aşgabat, 21-nji dekabr, 2018. Arhiwden alnan surat.

Aşgabatdaky rus ilçihanasynyň öňünde Russiýa göçüp gitmek statusyna eýe bolmak üçin garaşýan adamlaryň uly nobatlary saklanyp galýar. Bu aralykda, Aşgabatda Russiýa göçüp barmaga mümkinçilik döredýän wiza üçin bikanun Çakylyk haty çykaryp berýän adamlar peýda boldy.

“Russiýanyň ilçihanasynyň öňünde her gün ýüzlerçe adam ýygnanýar. Düýn ol ýerde 200-den köp adam bardy, olaryň köpüsi welaýatlardan gelenler” diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar. Olar Türkmenistandan çykyp Russiýa gitmek üçin rus ilçihanasyna ýüz tutýarlar.

“Ýöne, geň ýeri, ol ýerde käbir hyzmatlary hödürleýän adamlar peýda boldy” diýip, habarçy gürrüňe dowam edýär.

Onuň sözlerine görä, bu toparlar Russiýa göçüp gitmek statusyna eýe bolmak üçin ilçihana ýüz tutýan adamlaryň ýüztutmalaryny, olaryň doldurmaly kagyzlaryny tölegli dolduryp bermek hyzmatlaryny hödürleýärler. Olar her bir anketany doldurmak üçin 50 manat soraýarlar.

Munuň gapdalyndan, rus wizasy üçin zerur bolan çakylyk hatyny puluna çykaryp berýän adamlar döredi.

Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanyň raýatlary Russiýa hemişelik göçüp gitmek üçin ýa-da zähmet we beýleki wizalary almak üçin Russiýadan çakylyk hatyny kabul edip almaly we şonuň esasynda Aşgabatdaky rus ilçihanasynyň üsti bilen wiza ýüz tutmaly.

“Görnüşinden [puluna çakylyk çykaryp berýän] käbir ýaşaýjylaryň Russiýada dogan-garyndaşlary ýa-da dostlary bar. Ynha, şolar 250-500 dollar aralygynda tölege dürli çakylyk hatlaryny oňaryp berýärler. Meselem, Russiýa göçüp gitmek statusyna eýe bolmaga degişli wiza üçin zerur bolan çakylyk 350-500 dollara çykarylýar. Zähmet wizasyna zerur bolan çakylyk hatyny 220-250 dollara satyn alyp bolýar” diýip, habarçy aýtdy.

Azatlyk Radiosynda bu iş bilen meşgul bolýan adamlaryň atlary we olar baradaky maglumatlar bar, ýöne redaksiýa olary äşgär etmekden saklanýar.

Türkmenistanda soňky ýyllarda iş gözleginde ýa-da dürli sebäpler bilen ýurdy terk etmäge isleg bildirýän adamlaryň sany artýar. Ýurt raýatlary Türkiýe, Russiýa we beýleki käbir GDA ýurtlary ýaly döwletlere çykmaga ýykgyn edýärler.

Wiza gerek Çakylyk hatyny çykarmak üçin bikanun soralýan 250-500 dollar aralygyndaky pul serişdesi, walýutanyň gara bazarynyň nyrhynda türkmen manadynda öwrülende 4500 – 9000 manat töweregi pul bolýar.

“Ýöne adamlar ýurtdan gitmek üçin bu pullary hem tölemäge razy, sebäbi başga umytlary ýok” diýip, habarçy aýdýar.

Ol adamlaryň wiza çykdajylaryny tapmak üçin awto ulaglaryny, ýerlerini, mallaryny ýa-da beýleki emläklerini satýandyklaryny aýdýar.

Beýleki tarapdan, 22-nji noýabrda Astrahanda türkmenistanlylary bikanun “propiska eden” zenanyň jogapkärçilige çekilendigi barada rus metbugatynda habar çykdy. Habara görä, Astrahanda daşary ýurtly raýatlaryň Russiýanyň çäginde galp hasaba alynmagynda güman edilýän ýerli ýaşaýja garşy jenaýat işi gozgaldy. Agzalýan zenan 2 ýyla golaý wagtyň dowamynda 119 sany daşary ýurtlyny, şol sanda türkmenistanlylary öz jaýynda kagyz ýüzünde hasapda görkezipdir.

Türkmenistanda daşary ýurtlara göçüp gidýän raýatlaryň resmi sany elýeterli däl.

Azatlygyň ygtybarly çeşmesi maý aýynda soňky 10 ýylyň dowamynda 2 milliona golaý adamyň ýurdy terk edendigi barada Türkmenistanyň Döwlet statistika komitetiniň geçiren ýapyk barlaglaryna salgylanyp habar berdi.

Bu maglumatlar resmiler tarapyndan henize çenli inkär edilmedi ýa-da tassyklanylmady.

Maý aýynda Azatlygyň habarçysy rus ilçihanasynyň türkmenistanly raýatlara Russiýanyň Uzak Gündogar sebitlerine göçüp barmak mümkinçiliklerini hödürleýändigini habar beripdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG