Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Almaty kazyýeti gazak aktiwistiniň möhletinden öň boşadylmagyny ret edýän karary öz güýjünde galdyrdy


Kenžebek Abişew. 2018-nji ýylyň sentýabrynda düşürilen surat.
Kenžebek Abişew. 2018-nji ýylyň sentýabrynda düşürilen surat.

Gazagystanyň Almaty sebit kazyýeti aşaky kazyýetiň gazak aktiwisti Kenžebek Abişewiň möhletinden öň boşadylmak baradaky haýyşyny ret edýän karary öz güýjünde galdyrdy. Abişew gaçgak tüçjar tarapyndan döredilen syýasy hereket bilen baglanyşygy sebäpli tussag edilipdi.

Abişewiň aklawçysy Gülnara Žuaspaewa Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda bu kararyň 24-nji noýabrda çykarylandygyny aýtdy.

53 ýaşly Abişewiň möhletinden öň boşadylmagy baradaky haýyşy 5-nji oktýabrda Kapşagaý etrap kazyýeti tarapyndan hem ret edilipdi.

Abişew we başga-da iki aktiwist gadagan edilen Gazagystanyň Demokratik Saýlawy hereketiniň ideýalaryny ýaýradýandyklary üçin mukaddes söweşi meýilleşdirmek aýyplamalarynda günäli tapylandan soň, 2018-nji ýylyň dekabrynda ýedi ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Gazagystanyň hukuk toparlary tarapyndan syýasy tussag hökmünde ykrar edilen Abişew kazyýet işini syýasy matlaply atlandyryp, özüne garşy ýöňkelen aýyplamalary ret etdi.

Gazagystanyň Demokratik Saýlawy hereketi birnäçe ýyl bäri Fransiýada ýaşaýan, gazak hökümetini aç-açan tankytlaýan Muhtar Ablýazow tarapyndan esaslandyryldy.

XS
SM
MD
LG