Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýada garaşsyz neşiriň žurnalistine degişli ulag otlandy


Russiýanyň kartasy
Russiýanyň kartasy

Näbelli adamlar Russiýanyň Çelýabinsk şäherindäki garaşsyz habar beriş serişdesinde işleýän žurnaliste degişli ulagy otladylar. Habarçynyň iş berijisi bu wakany onuň professional işi bilen baglanyşdyrýar.

24-nji noýabrda Znak.com habar websaýty žurnalist Marina Malkowanyň awtoulagynyň gijäň ýarynda otlanandygyny mälim etdi.

Malkowa, habar beriş serişdesiniň maglumatyna görä, partlamanyň sesine meňzeş gaty ses eşidende öýündedi. Ol penjireden daşary seredende, ulagynyň ot alýandygyny gördi.

Howpsuzlyk kameralary otlama hüjümi ýaly bolup görünýän bu wakadan soň, iki näbelli adamyň gaçyp barýandygyny ýazga aldy.

Malkowanyň makalalarynda ýerli resmileriň we hukuk goraýjy edaralaryň arasyndaky korrupsiýa üns çekilýär.

Onuň ýokanç keselli hassalar üçin täze gurlan lukmançylyk merkeziniň suw basmagyna sebäp bolan möhüm kanalizasiýa problemalary barada ýakynda çap eden makalasy, COVID-19-a garşy göreşde resmi tagallalar bilen bagly aladalaryň fonunda, aýratyn duýgur boldy.

XS
SM
MD
LG