Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Baýdene häkimiýetiň geçişi çäginde gündelik gizlin hasabatlar berlip başlanar


ABŞ-yň saýlanan-prezidenti Jo Baýden

Ak Tam saýlanan-prezident Jo Baýdeniň prezident üçin gündelik taýýarlanýan gizlin aňtaw hasabatyny kabul edip başlamagyna rugsat berdi.

Prezident üçin gündelik taýýarlanýan bu hasabatda dünýä boýunça milli howpsuzlyga abanýan möhüm wehimler barada maglumatlar ýerleşdirilýär. Baýdene bu hasabaty kabul etmek baradaky rugsat 24-nji noýabrda berildi.

Mundan bir gün öň, Donald Trampyň administrasiýasy Baýdeniň toparynyň geçiş tapgyrynyň resmi ýagdaýda başlanyp biljekdigini aýdypdy.

Baýden gizlin gündelik hasabatyň hödürlenendigi, emma entek oňa ugradylmandygy barada žurnalistlere gürrüň berdi. Ol soňra NBC kanalyna beren interwýusynda hasabatyň “gysga wagtyň içinde, belki-de ir ertir” gowşuryljakdygyny aýtdy.

23-nji noýabrda Umumy Gulluklar Edarasynyň häkimiýetiň geçişiniň resmi taýdan başlanyp biljekdigini yglan etmezinden ozal, Baýdene gizlin gündelik hasabatyň ugradylmagynyň öňi alnypdy, şeýle-de onuň toparynyň agzalarynyň Trampyň administrasiýandaky kärdeşleri bilen habarlaşmagyna rugsat berilmändi.

Baýden 24-nji noýabrda özüniň administrasiýasy barada käbir maglumatlary äşgär edip, ýurduň milli howpsuzlygy we daşary syýasaty boýunça wezipelere kimleriň bellenendigini hem mälim etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG