Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB we BSG WIÇ boýunça has kö​​​​​​​p testleri geçirmäge çagyrýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Ýewropa Bileleşiginiň kesellere gözegçilik gullugy we Bütindünýä saglyk guramasy HIV, ýagny WIÇ ýokuşan adamlara, hususan-da Gündogar Ýewropada, Russiýada we Merkezi Aziýada has giç diagnoz goýulýandygyny aýdyp, bu wirus boýunça has köp testleri geçirmäge çagyrýar.

AIDS-e, ýagny SPID-e sebäp bolýan bu wirusa giç diagnoz goýulmagy, WIÇ-iň başgalara köplenç birnäçe ýyllap dowamly ýokuşmagyna goşant goşýar we wirus ýokuşan adamlaryň ömri halas ediji möhüm saglyk bejergilerini almagyna päsgel berýär.

Ýewropanyň keselleriň öňüni almak we gözegçilik etmek boýunça merkezi (ECDC) hem-de BSG tarapyndan 26-njy noýabrda çap edilen hasabatda 2019-njy ýylyň dowamynda BSG-niň Ýewropa sebitinde (53 ýurt) 136 müňden gowrak adamyň bu wirus bilen keselländigine täze diagnoz goýulandygy görkezildi.

Täze diagnozlaryň takmynan 80 göterimi Gündogar Ýewropany, Russiýany we Merkezi Aziýanyň birnäçe ýurduny öz içine alýan BSG-niň gündogar sebitinde hasaba alyndy.

Alada goýýan tendensiýa görä, diagnozlaryň takmynan ýarysy immun ulgamy eýýäm şowsuzlyga uçrap başlanda, infeksiýanyň giçki stadiýasynda anyklandy.

"Bu WIÇ-i ir anyklamak boýunça sebitdäki test, synag strategiýalarynyň dogry işlemeýändiginiň alamaty" diýlip, agzalan saglyk edaralarynyň bilelikde ýaýradan beýanatynda aýdylýar.

Ýewropanyň keselleriň öňüni almak we gözegçilik etmek boýunça merkezine degişli sebitde, ýagny Ýewropa Bileleşiginde we Islandiýada, Lihtenşteýnde hem-de Norwegiýada - soňky 10 ýylda wirus ýokuşanlaryň sany 9 göterim azaldy we anyklanmadyk hadysalaryň sany pese gaçdy.

Ýöne hasabatda tutuş sebitde, şol sanda Gündogar Ýewropada, Russiýada we Merkezi Aziýada täze diagnoz goýlan adamlaryň sanynyň soňky 10 ýylda 19 göterim ýokarlanandygy we sebitde anyklanmadyk WIÇ wirusy bilen ýaşaýanlaryň sanynyň artýandygy aýdylýar.

COVID-19-yň WIÇ testlerine we barlaglaryna nähili täsir edýändigi belli bolmasa-da, BSG-niň Ýewropa boýunça sebit direktory Hans Klýuge pandemiýanyň “biziň SPID-den azat geljegimizi ogurlamagyna” ýol bermezlik barada duýdurdy.

“Meniň ýadyma düşýär, [bir wagtlar] WIÇ diagnozy ölüm jezasyna meňzeýärdi. Indi dogry bejergi berilse, WIÇ ýokuşan adamlar SPID-den gorkman ýaşap bilerler" diýip, Klýuge belledi.

Ýewropanyň keselleriň öňüni almak we gözegçilik etmek boýunça merkeziniň müdiri Andrea Ammon COVID-19-yň ýurtlaryň WIÇ/SPID ýaly saglyk meselelerini äsgermezlik etmegine sebäp bolmaly däldigini aýtdy.

"WIÇ-i ir anyklamak derwaýys meseledir" diýip, ol belledi.

UNAIDS-iň maglumatlaryna görä, 2019-njy ýylda dünýäde 38 million adamyň WIÇ wirusy bilen ýaşaýandygy we olaryň 26 millionynyň wirusa garşy ömri halas ediji möhüm saglyk bejergisini alýandygy hasaba alyndy.

Türkmen häkimiýetleri WIÇ/SPID ýokuşan raýatlaryň sany baradaky statistiki maglumatlary ilat köpçüligine mälim etmeýär. Bu barada Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň saglykhm.gov.tm websaýtynda hem hiç hili maglumat berilmeýär.

Şeýle-de, Türkmenistan UNAIDS guramasynyň geçen ýylyň 1-nji dekabrynda ýaýradan hasabatynda WIÇ/SPID bilen bagly ýagdaý barada düýpden maglumat berilmedik az sanly ýurtlaryň biri bolup galýar.

Saglyk howpsuzlygy boýunça geçen ýylyň oktýabrynda çap edilen global hasabata görä, Türkmenistanyň ýokanç kesellere we giň ýaýran epidemiýalara garşy göreş mümkinçilikleri çäkli bolmagynda galýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG