Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Darganataly çagalaryň arasynda sarygetirme ýaýraýar


Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynyň Darganata etrabynda çagalaryň arasynda sarygetirme keseli ýaýraýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 4-nji noýabrda Lebapdan habar berdi.

"Darganatada gepatit wirusy, sarygetirme keseli möwjedi. Esasan çagalar keselleýärler. Häzirki wagtda etrap hassahanasynyň ýokanç keseller bölüminde ýer ýok. Çagalaryny hassahana eltip, ýerleşdirip bilmeýän adamlar kän" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy aýtdy.

Habarçy bu barada anonim şertlerde gürlän ýerli lukmanlaryň we ýaşaýjylaryň ençemesi bilen söhbetdeş boldy.

"Lukmanlar mekdeplerde birinji çärýekden soňky dynç alşyň tamamlanyp, okuwlaryň gaýtadan başlamagy bilen, gepatit wirusy ýokuşýan çagalaryň ençeme esse köpeljekdigini duýdurýarlar" diýip, habarçy belledi.

Ýerli lukmanlaryň aýtmagyna görä, sarygetirmäniň ýaýramagyna sebitde adaty ýaşaýyş üçin zerur bolan arassaçylyk şertleriniň, kadaly agyz suwunyň, lagym ulgamlarynyň, zir-zibil dökülýän çelekleriň ýokdugy belli bir derejede sebäp bolýar.

"Zeýkeşler arassalanman, zeý suwlar köçelerde porsap ýatýar. Olarda çagalar baryp oýnaýarlar" diýip, ýerli lukmanlaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçy talabalaýyk bejergini alyp bilmeýändigi sebäpli saglyk ýagdaýlary agyrlaşýan çagalaryň hem bardygyny aýdýar. Ol muňa keselhanada ýeriň ýokdugynyň, şeýle-de döwlet tarapyndan mugt berilmeli dermanlaryň berilmezliginiň sebäp bolýandygyny belleýär.

"Etrap keselhanasynda çagalar üçin mugt berilmeli dermanlaryň tas ýekejesini hem bermeýärler. "Holosas" siroby 200 manat, "Essetiale Forte" dermany 600 manat we "Apkosul" dermany 255 manat bahalanýar. Häzir sarygetrmeden bejergi almak ene-atalara ortaça 3 müň manada düşýär. Köp maşgalalaryň bu puly tölemäge maddy mümkinçiligi ýok" diýip, habarçy gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy bu aýdylanlar barada Darganata etrap hassahanasyndan we häkimliginden, şeýle-de saglyk bölüminden goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Türkmenistanda giň ýaýraýan ýokanç keselleriň statistikasy barada resmi derejede maglumat berilmeýär. Şol sanda WIÇ/SPID, gepatit, inçekesel we beýleki ýokanç keseller bilen kesellänleriň sany köpçülige elýeterli däl.

Muňa garamazdan, Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurtda ýaýraýan ýokanç keseller barada wagtal-wagtal habar berýärler. Geçen ýylyň oktýabrynda ýurt boýunça, hususan-da Daşoguz, Lebap we Ahal welaýatlarynyň ýaşaýjylarynyň arasynda sarygetirme keseliniň giň ýaýraýandygy mälim boldy.

Lebapda sarygetirmäniň nobatdaky gezek ýaýraýandygy baradaky maglumatlar, türkmen häkimiýetleriniň tutuş dünýäde giňden ýaýran koronawirus pandemiýasy bilen bagly ýurtda ýekeje-de hadysanyň hasaba alynandygyny habar bermeýän mahalyna gabat geldi.

Saglyk howpsuzlygy boýunça geçen ýylyň oktýabrynda çap edilen global hasabata görä, Türkmenistanyň ýokanç kesellere we giň ýaýran epidemiýalara garşy göreş mümkinçilikleri çäkli bolmagynda galýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG