Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lukaşenka täze konstitusiýa kabul edilende wezipesinden cekiljekdigini aýdýar


Lukaşenka 27-nji noýabrda minsk keselhanasyna eden sapary wagtynda "Men täze konstitusiýa astynda siz bilen prezident hökmünde işlemerin" diýdi. 

Belarusyň 26 ýyllyk dolandyryjysy Aleksandr Lukaşenka täze konstitusiýa kabul edilenden soň eýeleýän wezipesinden aýryljakdygyny aýtdy.

Belarusyň Belta habar gullugynyň maglumatyna görä, Lukaşenka 27-nji noýabrda minsk keselhanasyna eden sapary wagtynda "Men täze konstitusiýa astynda siz bilen prezident hökmünde işlemerin" diýdi.

Ol Konstitusiýa üýtgetmeleriň we prezidentiň ygtyýarlyklaryna düzedişleriň girizilmeginiň zerurdygyny nygtady, ýöne täze konstitusiýanyň anyk haçan kabul edilip bilinjekdigini anyklaşdyrmady.

Lukaşenka konstitusiýa üýtgetmeleriniň bolup biljekdigini mundan öňem birnäçe gezek belläp geçdi, ýöne oppozisiýa onuň hökümete garşy çykyş edýänleri basyp ýatyrmak üçin wagt utmaga we häkimiýet başynda galmaga synanýandygyny aýdyp, awtoritar lideriň bu sözlerini ret etdi.

Belarus häkimiýetleri geljek aýyň aýagynda ýa-da ýanwarda teklip edilýän konstitusiýa üýtgetmelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin müňlerçe adamyň gatnaşmagynda geçiriljek milli ýygnaga çagyrdy.

9-njy awgustda geçirilen prezident saýlawynda Lukaşenka, resmi netijelere görä ýeňiji bolup, altynjy möhlete prezident boldy. Emma oppozisiýa saýlaw netijeleriniň galplaşdyrylandygyny aýdyp, dowamly protest çärelerini gurnaýar. Protestçiler oppozisiýa kandidaty Swetlana Tihanowskaýanyň saýlawyň hakyky ýeňijisi bolandygyny aýdyp, Lukaşenkanyň iş başyndan çekilmegini talap edýärler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG