Eýranyň ýokary lideri ýurduň iň ýokary derejeli ýadro alymy Tähranyň golaýynda janyna kast edilip öldürilenden soň, ar almaga çagyrdy.
Aýatolla Ali Hameneýi 28-nji noýabrda öz resmi web sahypasyndaky ýazgysynda "bu jenaýatyň yzyny çalmaga we jogapkärleri hökman jezalandyrmaga" çagyrdy.
Eýranyň prezidenti Hasan Rohani bolsa şol gün, Eýranyň baş ýadro alymynyň Tähranyň golaýynda öldürilmegi bilen baglylykda, Ysraýyly ABŞ-nyň "hakyna tutmasy" hökmünde hereket etmekde günäkärledi.
"Global ulumsylygyň elhenç elleri ýene, uzurpator sionist režimini hakyna tutmak bilen, bu milletiň oglunyň ganyna boýaldy” diýip, Rohani 28-nji noýabrda öz resmi web sahypasynda ýazdy.
Eýran resmileri köplenç Birleşen Ştatlary nazarda tutanlarynda “global ulumsylyk” terminini ulanýarlar, “basyp alyjy sionist režimi” diýenlerinde bolsa Ysraýyla nazarda tutýarlar.
Ýadroçy alym Mohsen Fahrizade 27-nji noýabrda Tähranyň golaýynda gabawa salnyp, Eýran bilen ABŞ-nyň, şeýle-de onuň ýakyn ýarany Ysraýylyň arasyndaky dartgynlygy güýçlendirip biljek gazaply hüjüm netijesinde öldürildi.
Eýranyň ýadro gullugynyň başlygy Ali-Akbar Salehi 28-nji noýabrda Fahrizadäniň öldürilmeginiň Eýranyň ýadro programmasyna zyýan ýetirmejekdigini aýtdy.
Вакцинаны Хытай довлетинден алан болсалар говы боларды ,Турк доганларымыздан горелде алып ,шонда ялнышмарыс! Тебигы газымыз бн хасаплашып хем билердик! Хер бир затда Кремльин межбур эдени билен ,оларын диенини эдибермелими , онсузам 30(отуз) йыл туркмен халкыны косап гелйарлер,ягны олары адам хасабында гормани!