Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BAE-de galan türkmenistanlylara Germaniýadan uçjak uçara ýetişmek teklip edilýär


Türkmen uçary
Türkmen uçary

“Turkmen.news” neşiri koronawirus çäklendirmeleri sebäpli Birleşen Arap Emirliklerinde galan türkmenistanlylara 29-njy noýabrda Germaniýadan Türkmenabada uçjak uçara ýetişmegiň teklip edilýändigini habar berýär.

Neşiriň ýazmagyna görä, BAE-däki türkmen diplomatlary 27-nji noýabrda ýurduna dolanmak isleýänlariň sanawyna girizilen türkmenlere jaň edip, olaryň iki gün içinde koronawirus synagyndan geçmeklerini we bilet alyp, Germaniýanyň Mýunhen şäherinden uçjak uçara ýetişmeklerini tabşyrypdyrlar.

“Turkmen.news” neşiriniň çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, häzir Birleşen Arap Emirliklerinde ýurduna dolanmak isleýän 100-den gowrak türkmenistanly bar.

Şu aralykda TDH Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabatda Germaniýanyň Mýunhen şäheriniň Grosshadern uniwersitet klinikasynyň professory Klaus Parhoferi kabul edendigini habar berdi.

Neşir duşuşyk wagtynda “koronawirus pandemiýasy baradaky meselä hem deglip geçilendigini”aýdyp, germaniýaly professoryň Türkmenistanda “ýokanç we ýokanç däl keselleri öňünden duýdurmak, jemgyýetçilik immunitetini ýokarlandyrmak boýunça” edilýän işlere ýokary baha berendigini belleýär.

Türkmenistan ýurtda hiç bir koronawirus hadysasyny resmi taýdan hasaba almadyk az sanly ýurtlaryň biri bolup, soňky döwürde syzyp çykan ölüm maglumatlaryna reaksiýa bildirmeýär.

German professorynyň Aşgabada gelendigi baradaky resmi habar garaşsyz neşirlerde Türkmenistandan Mýunhene uçan gizlin uçar barada çap edilen habaryň yz ýanyna gabat geldi.

29-njy noýabrda Germaniýandan uçjak türkmen uçarynyň Stambulda gonup, soňra Türkmenabada geljekdigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG