Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen diasporalary – daşary ýurtlardaky “türkmen adajyklary”


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Dünýä Türkmenleriniň bu sany türkmen diasporalarynyň daşary ýurtlarda türkmen medeniýetini saklap galmak mümkinçiliklerinden söz açýar.

Gadymy döwürlerden şu günlere çenli dünýä halklary ondan-oňa köpçülikleýin häsiýetde göçüp-gonýar. Türkmenler hem edil beýki halklar ýaly asyrlaryň dowamynda mesgen tutan ýurtlaryndan özge ýerlere göçýär, ýurt edinýär. Halklaryň göçhä-göçlügine syýasy, ykdysady, durmuşy we beýleki şertler, meselem, uruşlar, dawa-jenjeller sebäp bolupdyr. Ynsanogly kä amatly durmuşyň gözleginde dogduk ýurduny terk eden bolsa, käteler amatsyz durmuşdan gaçyp, ýurduny täzeläpdir. Türkmenleriň arasynda-da köneden gelýän göçe-göçlük häli bu güne çenli dowam edýär.

“Uly rus ensiklopediýasynyň” maglumatlaryna görä, Türkmenistanda 4 million töweregi türkmen ýaşaýar. Şeýle-de, Özbegistanyň Nawoýy oblastynda 200 müň töweregi, günorta-günbatar Täjigistanyň hususan-da Kafirnigan we Wahş jülgelerinde 15 müň töweregi, Demirgazyk Owganystanda 1 million töweregi, demirgazyk-gündogar Eýranyň Gülüstan, Demirgazyk Horasan we Horasan-Rezawi welaýatlarynda 2,4 million, Siriýada, Liwanda, Iordaniýada we Türkiýede (Türkýäniň esasan merkezi Anadoly regionynda) 10 million, Russiýada (stawropol we astrahan türkmenlerini goşanyňda) 37 müň töweregi türkmen ýaşaýar. Şeýle-de, rus ensiklopediýasyna görä, günorta Gürjüstanyň Samsthe-Jawaheti okrugynyň Ahaltsihe şäherinde, gündogar Azerbaýjanda we Ermenistanyň Lori, Geharkunik we Sýunik oblastlarynda-da türkmenler kowçum bolup ýaşaýar. Hytaýda ‘salarlar’ diýlip tanalýan, gelip çykyşy boýunça türkmen ilaty bar.

Türkmenistan özbaşdak ýurt bolup, garaşsyzlygyny alandan soň hem türkmenleriň göçhä-göçlügi dowam etdi. 2019-njy ýylyň maýynda Azatlyk Radiosynyň ýagdaýdan habarly çeşmesi soňky on ýylyň dowamynda 2 million töweregi türkmenistanlynyň ýurdy çürt-kesik terk edendigini aýtdy.

Türkmenistandan daşary ýurtlara hemişelik ýa-da uzak möhletli esasda ýaşamaga gidýän türkmenleri ýurtdan çykmaga iterýän dürli-dürli sebäpler bar. Ýöne ýurdy terk eden her bir türkmen öz ýany bilen täze ýurduna türkmen medeniýetini hem alyp gidýär: daşary ýurtlarda özboluşlyja “türkmen adajyklaryny” döredýärler.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany türkmen diasporalarynyň daşary ýurtlarda türkmeniň maddy we ruhy medeniýetini saklap galmak mümkinçiliklerinden söz açýar. Gepleşigimize Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally gatnaşýar.

Türkmen diasporalary – daşary ýurtlardaky “türkmen adajyklary”
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

XS
SM
MD
LG